Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, awtomobil benzinini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtomobil benzini OYR-nyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Russiýanyň, BAE-niň we Türkiýe Respublikasynyň işewürleri ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň, Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri reňksiz aýnany, tekiz boýalan hem-de žakkard we tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 206 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Ermenistanyň telekeçileri jemi 22 million 132 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we elde dokalan halylary satyn aldylar.

Bu barada TDH habar berýär.