4-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Premýer-ministr Nikol Paşinýan Ermenistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini, dostluga we deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Ermenistanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de hormatly Prezidentimizi şu ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde BMG-niň Biodürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň oňa işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýany ýene bir gezek bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web saýtynda habar berilýär.