Halkymyzyň ruhy medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan ýazyjy-şahyrlaryň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýändigini, olaryň ömri we döredijiligi hakynda söhbet açmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigini Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň esasy aýratynlygy hasaplamak bolar. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen döredilýän şeýle işler halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgusyny oýarýar.
Arkadag Prezidentimiziň “Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys” diýen parasatly sözleri bu ugurda uly tagallalary eden ýazyjy-şahyrlarymyza bolan belent buýsanjyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bu dürdäne sözleri kalbyňa dolanda, söz ussatlarynyň hatarynda göz alnyňda meşhur ýazyjy, türkmen kyssasynyň tanymal wekili, terjimeçi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew janlanýar.
B.Kerbabaýew 1894-nji ýylda Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda dünýä inýär. Ol ilki oba mekdebinde, soňra öz döwründe ylym-bilim ojagy hökmünde tanalan Tejen, Kaka, Buhara medreselerinde okaýar. Geljekki ýazyjy ýaşlyk ýyllarynda türkmen halk döredijilik eserlerini, nusgawy edebiýaty, Gündogaryň Nyzamy, Jamy, Nowaýy, Ferdöwsi, Magtymguly ýaly söz ussatlarynyň eserlerini ürç edip okaýar. Ol döredijilik işine şygyr ýazmak bilen başlaýar. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda dürli temada ençeme goşgular döredýär. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan ol goşgularda halkyň aň-düşünjesiniň ösüşi ýaly möhüm meseleler gozgalýar.
B.Kerbabaýew 1927-nji ýylda Sankt-Peterburgyň Gündogary öwreniş institutyna okuwa girýär. Bu ylym ojagy onuň döredijiliginiň kämilleşmegine ýardam edýär.
B.Kerbabaýew 20-nji ýyllaryň ahyrlarynda birnäçe göwrümli eserleri döredýär. Şahyryň ilkinji döreden “Gyzlar dünýäsi” poemasy özüniň şahyranalygy, akgynlylygy bilen öz döwründe halk arasynda uly şöhrata eýe bolýar. Soňra şahyr “Ýaz möwsüminde bir gözel”, “Kepän dodak”, “Amyderýa”, “Aýlar” poemalaryny döredýär.
Ýazyjy 1924-1927-nji ýyllarda “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasynda, 1942-1950-nji ýyllarda şol wagtky Ýazyjylar birleşiginde işleýär. 1959-njy ýyldan, tä 1974-nji ýyla çenli Ýazyjylar birleşigine ýolbaşçylyk edýär. Şol ýyllarda ýazyjynyň dury zehini bilen döreden “Garşa guda”, “1916-njy ýyl” ýaly kyssa eserleri türkmen edebiýatynda täze sahypalary açýar. Ýazyjynyň “Göterim”, “Huýrlukga-Hemra”, “Watan ogly”, “Magtymguly” ýaly pýesalary bolsa, türkmen dramaturgiýasynyň ösüşine mynasyp goşant bolýar.
Berdi aga edebiýatda terjimeçi hökmünde hem bellidir. Onuň hyzmaty bilen L.Tolstoýyň “Hajymyrat”, M.Gorkiniň “Ene”, E.L.Woýniiçiň “Gögeýin” romanlary, A.Gaýdaryň hekaýalary türkmen diline geçirilýär.
B.Kerbabaýewiň adyny dünýä ýüzünde tanadan eserleriniň biri 1940-njy ýylda çapdan çykan “Aýgytly ädim” romanydyr. Ýazyjy bu eserini döretmek bilen, türkmen halkynyň taryhy geçmişini çeper obrazlar arkaly töwerekleýin suratlandyrdy. Bu roman dünýä dillerine iň köp terjime edilen eserleriň biridir. Dünýä halklarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanan bu eser kinosungatynda-da öz mynasyp ornuny tapýar. Ussat ýazyjy soňra “Nebitdag”, “Gaýgysyz Atabaýew”, “Suw damjasy – altyn dänesi” romanlaryny döredip, okyjylar köpçüliginiň çuňňur hormatyna mynasyp bolýar. Ýazyjynyň “Gurban Durdy” powestinde, “Aýlar” poemasynda, “Doganlar” dramasynda watançylyk temasy gozgalýar.
Ynsan ömrüniň iň bir gyzykly pursatlary bolan çagalyk dünýäsi – ýazyjynyň kalbyna ylham beren temadyr. Ýazyjy çagalar durmuşyna bagyşlap, “Kim bilmeşek”, “Baýram”, “Batyr”, “Nepes”, “Yhlasa – myrat”, “Çekişmän bekeşmez”, “Kyrk ýalan”, “Japbaklar” ýaly eserlerini döredýär.
B.Kerbabaýewiň döredijilik dünýäsinde bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berildi. 1951-nji ýylda ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi diýen belent ada mynasyp bolýar. 1970-nji ýylda tanymal ýazyja Magtymguly adyndaky halkara baýragy gowşurylýar.
Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ilkinji ýygyndysynyň halka ýetmeginde Berdi aganyň bitiren hyzmaty örän uludyr. Ýazyjynyň tagallasy bilen ol ýygyndy 1926-njy ýylda okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Bu eser Magtymgulynyň edebi mirasynyň il-halka ýetmeginde ilkinji başlangyçlaryň biridir.
Kitaplarynyň daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilmegi, ol eserleriň häzirem okyjylaryň ellerinden düşmän okalýandygy Berdi Kerbabaýewiň uly ussatdygynyň aýdyň güwäsidir.
Gurbangeldi KULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.