Içilýän suwuň arassalygy hem-de mukdary adam saglygyna täsir edýär. Suw adam bedeniniň iň esasy himiki birleşmesi hasaplanýar. Şol sebäpli lukmanlar diňe bir howanyň yssy pasyllarynda däl, möwsümiň çalyşýan wagtynda hem ýeterlik mukdarda arassa suw içmegi maslahat berýärler. Az suw içmegiň zyýanly bolşy ýaly, hili pes suw içmek hem saglyga ýaramaz täsir edýär. Adam üçin elýeterli bolan suwuň birnäçe görnüşi bolup, tebigy çeşme suwlary we tebigy minerally suwlaryň düzüminde kalsiý, magniý, bikarbonat, demir ýaly elementler bolýar. Suwuň talhlygy onuň hilini kesgitleýär. Saglyk üçin peýdaly suw mikrobiologik, fiziki we himiki hapalardan arassalanan bolmaly. Şeýle hem pH mukdary, mineral düzümi onuň hilini kesgitleýär. Lukmanlar saglygyňyz üçin her günde 2-3 litr aralygynda suw içmegi maslahat berýärler. Bu görkeziji adamyň ýaşyna, agramyna görä üýtgeýär. Saglygyňyz üçin öý şertlerinde has peýdaly suwy özüňiz hem taýýarlap bilersiňiz. Munuň üçin iki litr suwa dogralan ýarym limony atyň! Biraz garaşanyňyzdan soňra saglygyňyz üçin has peýdaly bolan suw taýýar bolar.
Didarmuhammet GARATAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.