Hä­zir­ki wagt­da ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy ösen de­re­jä ýet­di. In­ter­net ar­ka­ly ylym-bi­lim­de edi­len açyş­lar, tä­ze­lik­ler, ta­ry­hy mag­lu­mat­lar, dün­ýä­niň dür­li halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti, gym­mat­lyk­la­ry, däp-des­sur­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat tap­mak kyn däl. Umu­man, in­ter­ne­ti eli­mi­ziň aşa­gyn­da­ky ki­tap­ha­na ýa­ly peý­da­lan­mak müm­kin. Em­ma bu um­ma­syz ki­tap­ha­na­da­ky ki­tap­la­ry oka­mak üçin onuň di­li­ne hem dü­şün­mek ge­rek. Se­bä­bi, bu ki­tap­lar dür­li dil­ler­de ýa­zy­lyp­dyr. Eý­sem, in­ter­net­de el­ýe­ter­li bo­lan mag­lu­mat­lar has köp haý­sy dil­de ýa­zy­lan­ka?!
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ýer ýü­zün­de 7 müň­den gow­rak dil­de gep­le­şil­ýär. Kä­bir dil­de gep­leş­ýän adam­la­ryň sa­ny has köp, kä­bi­rin­de bol­sa az bolýar. Hy­taý, hin­di, iň­lis, arap, is­pan, ben­gal, rus, por­tu­gal, ne­mes, ýa­pon, fran­suz we ital­ýan dil­le­rin­de gep­leş­ýän adam­la­ryň sa­ny dün­ýä ila­ty­nyň üç­den iki bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. In­ter­net dün­ýä­si­ne se­re­di­len­de bol­sa, bu sa­naw­da­ky il­kin­ji on dil san­ly mag­lu­mat­la­ryň 80 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. In­ter­net mag­lu­mat­la­ry­nyň 50 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny iň­lis di­lin­dä­ki çeş­me­ler eme­le ge­tir­ýär. Iň­lis di­li dün­ýä­niň iň köp gep­le­şil­ýän di­li hem bol­sa, bu dil halk­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mek mak­sa­dy bi­len hem ula­nyl­ýar. Ýag­ny, köp adam iň­lis di­li­ni ikin­ji dil hök­mün­de bil­ýär. Ene di­li hök­mün­de dün­ýä­de iň köp hy­taý di­lin­de gep­le­şil­ýär. Iň­lis di­li dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­du­nyň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň res­mi di­li ha­sap­lan­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi halk­la­ryň beý­le­ki dil­le­ri öw­ren­mä­ge bo­lan ze­rur­ly­gy­ny art­dyr­ýar. Iň­lis, hy­taý, is­pan, arap, por­tu­gal, in­do­nez, ma­laý, fran­suz, ýa­pon, rus, ne­mes dil­le­ri in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň iň köp ulan­ýan di­li ha­sap­lan­ýar.

Aý­na Ber­di­ýe­wa, Türk­men döw­let
ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.