1-nji de­kabr­da paý­tag­ty­myz­da «Ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky dur­nuk­ly hyz­mat­daş­lyk äh­lu­mu­my ösü­şiň mö­hüm şer­ti­dir» at­ly hal­ka­ra on­laýn mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ty hormatly Prezidentimiziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça «Türk­men­gaz» hem-de «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­sern­le­ri gu­ra­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk se­ne­si­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän fo­ru­ma 32 ýurt­dan 220-den gow­rak we­kil, ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 80-si­niň ýol­baş­çy­la­ry we esa­sy hü­när­men­leri, ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň, dip­lo­ma­tik we yl­my to­par­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Dün­ýä­de hal­ka­ra gat­naw­la­ry­na gi­ri­zi­len çäk­len­dir­me­ler bi­len bag­ly­lyk­da, da­şa­ry ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň 120-si mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra san­ly ara­gat­na­şyk ul­ga­my ar­ka­ly go­şul­dy.
Fo­ru­myň da­ba­ra­ly açy­ly­şy «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň te­bi­gy gaz yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ge­çi­ril­di.
Fo­ru­myň bar­şyn­da ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň en­çe­me­si ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Häzirki wagtda Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň 214 ki­lo­metr­lik türk­men bö­le­gin­dä­ki ýan­gyç ge­çi­ri­ji­ni çek­mek işi ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň umu­my uzyn­ly­gy 1840 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, onuň tas­la­ma­da göz öňün­de tu­tu­lan ge­çi­riş uky­by ýyl­da 33 mil­liard kub met­re deň­dir.
Ga­zyň eks­por­ty ar­tdy­ry­lar
Hä­zir Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy türk­men ga­zy­ny iň köp muk­dar­da al­ýan ýurt bo­lup dur­ýar. 2009-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da ula­nyl­ma­ga ber­len Türk­me­nis­tan-Öz­be­gis­tan-Ga­za­gys­tan-Hy­taý trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň üç şa­ha­sy bo­ýun­ça (A, B, C) «ma­wy ýan­gy­jyň» ýyl­da 40 mil­liard kub met­re go­la­ýy ibe­ril­ýär.
Gel­jek­de türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň her ýyl­da Hy­ta­ýa ibe­ril­ýän muk­da­ry ýyl­da 65 mil­liard kub met­re ýe­ti­ri­ler. Bu gün Türk­me­nis­tan ga­zy Or­ta Azi­ýa—Mer­kez gaz ge­çi­ri­ji­si ar­ka­ly Rus­si­ýa iber­ýär hem-de «ma­wy ýan­gy­jy» gü­nor­ta ug­ry bo­ýun­ça eks­port et­mek üçin äh­li teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­ler we se­riş­de­ler bin­ýa­dy­na eýe­dir.
Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň ga­za­nan­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­ýän wi­deo­film hö­dür­le­nil­di.
Il­ki bi­len Hal­ka­ra gaz bir­le­şi­gi­niň baş sek­re­ta­ry Lu­is Bert­ran Ra­fe­kas çy­kyş et­di. Bu bir­le­şik dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň ab­raý­ly dü­züm­le­ri­niň bi­ri­dir. Gaz­çy­la­ryň mil­li as­so­sia­si­ýa­la­ry hem-de iri kom­pa­ni­ýa­lar—dün­ýä­niň 71 ýur­du­nyň gaz se­na­ga­ty­nyň we­kil­le­ri bu bir­le­şi­giň ag­za­la­ry bo­lup dur­ýar. Je­nap Ra­fe­ka­syň umu­my mej­lis­de hö­dür­län çy­ky­şy «COVID-19-dan soň­ky dö­wür­de te­bi­gy gaz dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka­syn­da» di­ýen mow­zuk bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­dy.
Ener­ge­ti­ka BMG-niň ka­bul eden «2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da gün ter­ti­bi­ni» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu gün ter­ti­bi dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da 17 mak­sa­dy özü­ne bir­leş­dir­ýär. Şol mak­sat­la­ryň äh­li­si­ne—yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa hä­si­ýet­li mak­sat­la­ra ýet­mek dur­nuk­ly ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Te­bi­gy gaz –
gel­je­giň ener­ge­ti­ka­sy
Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne we onuň zy­ýan­ly ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça des­sin çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, te­bi­gy gaz gel­je­giň ener­ge­ti­ka­sy üçin esas bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let­le­riň kö­pü­si ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len Pa­riž yla­la­şy­gy hut şu­ňa gö­nük­di­ri­len­dir. Bu yla­la­şyk 2020-nji ýyl­dan baş­lap, at­mos­fe­ra­nyň dü­zü­min­de kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň möç­be­ri­ni azalt­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ka­da­laş­dyr­ýar. «Te­bi­gy gaz dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka geç­mek­de esa­sy ugur­dyr» at­ly çy­kyş hut şu mow­zu­ga ba­gyş­lan­dy. Mas­la­hat­da bu me­se­le bo­ýun­ça Äh­lu­mu­my gaz mer­ke­zi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Wa­le­ri Dýuk­ro çy­kyş et­di.
Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ur­ban Rus­na­gyň, ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Na­tal­ýa Droz­duň, fo­ru­myň beý­le­ki gat­na­şy­jy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýe­tiň or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň dün­ýä ener­ge­ti­ka­sy­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dy­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Oks­for­dyň ener­ge­ti­ka bar­lag­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri Ju­li­ýan Bou­den bi­rin­ji mej­li­siň je­mi­ni jem­le­di.
Mas­la­ha­tyň jem­leý­ji mej­li­si ösü­şiň we dur­nuk­ly­ly­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji hök­mün­de ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň or­nu­na ba­gyş­lan­dy. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dü­züm­le­ýin eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we ola­ryň gel­jek­ki hyz­mat­daş­la­ry­nyň ara­syn­da on­laýn du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da ne­bit­gaz pu­da­gyn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň stra­te­gik ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.