Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda welaýatlarymyzyň gazanýan üstünliklerine bagyşlanýan halkara sergisi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini aýdyň görkezýär. Mälim bolşy ýaly, 12 günlük halkara sergisi öz işine 1-nji dekabrda başlady. Dekabr aýy türkmen Bitaraplygynyň dünýä dolan aýydyr. Bu aýda türkmen halky tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy bolsa bu ýylky dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Şonuň üçin ýurdumyzdaky toý-dabaralar hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk toýy bilen utgaşyp gitdi. Paýtagtymyz Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna bagyşlanan halkara sergisi baý many-mazmuna eýe boldy.
Onuň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň uly toplumy halkara hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Halkara serginiň mowzuklaýyn bölümleri Türkmenistanyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny açyp görkezýär. Forumyň her bir güni milli ykdysadyýetimiziň ulgamlarynyň birine bagyşlanýar. Şu gün üns merkezinde – söwda toplumy we telekeçilik bolup, bu ulgamlara hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň esasy hereketlendirijileriniň biri hökmünde aýratyn üns berýär.
Bu halkara sergisi söwda toplumynyň gazanan üstünlikleri bilen başlap, soňra obasenagat, ulag we aragatnaşyk, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş, medeniýet toplumynyň günleri bilen utgaşyp gitdi. Bu halkara sergisi ýatda galyjy wakalara baý boldy. Obasenagat toplumynyň gününde halkara guramalary we daşary ýurt kompaniýalary bilen, şol sanda onlaýn görnüşde ähtnamalaryň, ylalaşyklaryň we iş meýilnamalarynyň 18-sine gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky tagallalarynyň netijesinde, paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, şahsy taraplara we ýurdumyzyň raýatlaryna bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek şerti bilen 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer böleklerini bermek hakynda gol çeken Karary pudaga hususy telekeçileri giňden çekmekde hem-de ýerleriň hasyllylygyny has-da gowulandyrmakda möhüm ädime öwrüldi.
Köp pudaklaýyn sergi türkmenistanlylaryň öz Garaşsyz, Bitarap Watanyna bolan watançylyk duýgularynyň tutuş çuňlugynyň beýanyna öwrüldi. Bu serginiň tapawutly aýratynlygy sanly tehnologiýalaryň doly ulanylýandygydyr.
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň gününde bolsa sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagynyň çäginde «sanly.tm»
milli elektron poçtasynyň hem-de «tmchat» messenjer ulgamynyň tanyşdyrylmagy sanlylaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem bu serginiň çäklerinde ýurdumyzyň käbir ministrlikleri hem-de pudaklaýyn edaralary bilen BMG-niň käbir abraýly düzümleri, Ösüş Maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy bilen iş meýilnamalaryna gol çekilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyna esas bolup hyzmat edýär.
Begenç BABAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.