ABŞ-nyň Aýo­wa uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­la­gyn­da ada­myň öm­rü­niň do­wa­myn­da iý­ýän iý­mi­ti­niň gar­ry­lyk döw­rün­de akyl uky­by­na tä­sir edip bil­jek­di­gi­ni anyk­la­dy­lar.
Bar­la­ga 46 ýaş­dan 77 ýaş ara­ly­gyn­da­ 1787 adam gat­naş­dy.
Şeý­le­lik bi­len, il­kin­ji no­bat­da, peý­ni­riň akyl ukyp­la­ry­ny go­ra­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Tok­ly eti­ni yzy­gi­der­li iý­me­giň beý­nä oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şeý­le-de bol­sa, alym­lar tok­ly eti­niň az muk­dar­da iýil­me­li­di­gi­ni we baş­ga bir et bi­len çal­şyl­ma­ly däl­di­gi­ni mä­lim et­di­ler.
So­ýa­dan taý­ýar­la­nan ta­gam­la­ry köp iý­me­giň gar­ry­lyk­da beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ne zy­ýan ýe­ti­rip bil­ýän­di­gi hem anyk­lan­dy. «Ri­dus» ady bi­len ýaý­ra­dy­lan bu bar­la­gyň ne­ti­je­le­rin­de beý­nä oňaý­syz tä­sir edi­ji önüm­ler, esa­san, Als­geý­mer ke­se­li­niň dö­re­mek how­py bo­lan adam­lar­da ga­bat ge­lin­ýän ýag­daý­lar­ nus­ga al­nyp gör­ke­zil­ýär.
– Peý­nir ýa­ly iý­mit­le­r di­ňe bir göw­nü­ňi gö­ter­män, eý­sem, aň uky­by­nyň ýaş bi­len bag­la­ny­şyk­ly üýt­ge­me­le­rin­den go­ra­ýar – di­ýip, göz­le­giň aw­tor­la­ryn­dan bi­ri bel­läp geç­ýär.
Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä iý­mi­tiň beý­ni­mi­ze ed­ýän tä­si­ri ba­ra­da has ta­kyk ne­ti­je çy­kar­mak üçin has köp sy­nag ge­çir­mek ge­rek.