Te­bi­ga­tyň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy we öw­re­nil­me­gi soň­ky ýyl­lar­da has uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Ta­mam­la­nyp bar­ýan ýy­lyň do­wa­myn­da hü­när­men­ler And dag­la­ry­nyň Bo­li­wi­ýa­da­ky bö­lek­le­rin­de ki­çi­jik gur­ba­ga, ýy­lan hem-de kä­se şe­kil­li ýap­rak­la­ry bo­lan or­hi­de­ýa gü­lü­ni we beý­le­ki jan­dar­la­ry ýüze çykardy­lar. Şeý­le hem hü­när­men­ler ýi­tip ýok bo­lup gi­den­di­gi çak edil­ýän dört sa­ny jan­da­ryň hem üs­tün­den bar­dy­lar. Daş­ky gur­şa­wy öw­ren­mek bi­len meş­gul­lan­ýan «Con­servation In­ter­na­tio­nal» at­ly eda­ranyň hünärmenleri And dag­la­ry­nyň ýo­ka­ry bö­lek­le­rin­dä­ki Zon­go jül­ge­sin­den mun­dan ozal ylym dün­ýä­si­ne mä­lim bol­ma­dyk je­mi 20 jan­da­ry tap­dy­lar. Ola­ryň ara­syn­da uzyn­ly­gy ba­ry-ýo­gy 10 mm-e deň bolan gur­ba­ga hü­när­men­le­ri haý­ran gal­dyr­dy. Şeý­le hem iki sa­ny me­tal reňk­li ke­be­lek alym­la­ryň ün­sü­ni çek­di. Ýur­duň paý­tag­ty La Paz­dan 50 ki­lo­metr tö­we­re­gi uzak­da ýer­leş­ýän adam aýa­gy sek­me­dik to­kaý­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bir asyr­dan bä­ri üs­tün­den ba­ryl­ma­dyk gur­ba­ga­nyň we ke­be­le­giň ýa­şa­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Mun­dan baş­ga-da alym­lar nes­li howp as­tyn­da­ky kä­bir jan­dar­la­ra hem ga­bat ge­lip­dir­ler.
Alym­lar And dag­la­ry­nyň be­ýik ge­riş­le­ri­ni «as­man ada­la­ry» di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Se­bä­bi ol ýe­re ýyr­ty­jy haý­wan­lar ba­ryp bil­me­ýär. Bu bol­sa, baý bio­dür­lü­li­giň sak­la­nyp gal­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Yl­my to­pa­ryň ag­za­sy Trond Lar­sen ýi­tip gi­den­di­gi çak­la­nyl­ýan jan­dar­la­ryň köp san­ly­sy­nyň bar­dy­gy­ny gö­ren­le­rin­de tol­gu­nan­dyk­la­ry­ny bel­le­ýär. Dag ge­riş­le­rin­de üs­tün­den ba­rlan ara­rot at­ly ösüm­li­gi bol­sa 125 ýyl­dan bä­ri hiç kim gör­män eken. Lar­sen bu owa­dan we baý ekoul­ga­myň dün­ýä­niň baş­ga ýe­rin­de ga­bat gel­me­ýän am­fi­bi­ýa­lar, süý­re­ni­ji­ler, ke­be­lek­ler we ösüm­lik­ler üçin howp­suz şer­ti dö­red­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.

Mak­sat DET­DO­WOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-
teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.