Ýaponiýa diňe bir tehnologiýa taýdan ösen ýurt bolup, dürli görnüşli robotlary ýasamak bilen çäklenmän, eýsem olar döredijilik bilenem meşgullanýarlar. Her ýylyň güýz paslynda Niigatanyň we Kagawanyň meýdançalarynda saman heýkelleriniň bäsleşigi geçirilýär.

Ýaponiýanyň oba ýerlerinde şaly hasyly ýygnalandan soň, galan sypallar maldarçylyk hojalyklaryna iým hökmünde ugradylýar ýa-da ýakylýar. Soňky ýyllarda bolsa ondan dürli görnüşli ägirt uly heýkelleri ýasap başladylar. Ýapon daýhanlary bu pikiri şeýle bir goldadylar welin, döredijilik eserlerini görkezmek üçin baýramçylyk bäsleşigini guradylar. Bu baýramçylyga isleg bildirýänleriň sany ýylsaýyn artyp, Ýaponiýanyň dürli künjeginiň wekilleri öz eserlerini görkezmek üçin bäsleşige goşuldylar. Hatda indi dünýäniň dürli künjeklerinden jahankeşdeler göräýmäge gereksiz materialdan döredilen ajaýyp heýkelleri görmek üçin bäsleşige gelýärler. Saman näçe ýeňil hem bolsa, ondan gaty berk heýkeller ýasalýar. Samandan ýasalan heýkeller içinde çagalaryň oýnamagy üçin niýetlenendir. Heýkelleriň berk bolmagy üçin ilki bilen agaç çarçuwa ýasalýar, soňra bolsa saman bilen örtülýär. Her bir ägirt uly heýkeli ýasamak üçin bir hepde çemesi wagt gerek bolýar. Taýýarlanylan heýkeller özleriniň hakykata laýyklygy bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrýarlar.

Nurgeldi NURGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.