Gyş günleriniň dowam edýän döwründe sitrus miwelerine has köp isleg bildirilýär. Saglyk üçin peýdaly hasaplanýan limon dürli tagamlar taýýarlamakda ulanýar hem-de çaýa atylyp içilýär. Miwe we gök önümler dogry saýlanmaly. Sebäbi, ter önümleri iýmek saglyga has peýdaly. Ine, limony dogry saýlamak üçin birnäçe maslahat:
Limony satyn alanymyzda ilki bilen onuň gabygyna seretmeli. Oňa hiç hili zeper ýetmedik bolmaly. Şeýle hem terje bolmaly. Ter limonyň daşy sähelçe ýalpyldaýar. Gabygynda tegmil, ýaryk, ýumşaklyk bolanlaryny almaly däl. Ýiti turşy ysly limonlary hem almaly däl.
Eger limony uzak wagt saklamakçy bolsaňyz, sähel gögrägini alyň! Emma goýy däl-de, açyk ýaşyl limony alyň!
Beýleki miwedir gök önümlerde bolşy ýaly limonyň hem birinji hasyly has gowy bolýar. Limon agajynyň birinji hasylyndan alnan limonlaryň gabygy ýuka bolýar. Ýuka gabykly limon galyň gabykla garanyňda witamine baý bolýar.
Limony salkyn howaly ýerde saklamaly. Sowadyjyda saklasaň hem bolýar.