Her gün deňiz suwundan 10 müň tonna süýji suw öndürip bilýän uly süýjediji desga, Hytaýyň Hebeý welaýatynyň Tanşan şäherinde işe girizildi. “Shougang Jingtang United Iron & Steel Co., Ltd.” tarapyndan gurlan deňiz suwuny süýjediji taslama, suwuň esasy sarp edijisi bolan ýurduň polat pudagynda senagat taýdan öňe gidişlik hökmünde baha berildi.
– Desga deňiz suwunyň süýjedilmeginde termiki we membran çemeleşmeleri ulanýar – diýip, kompaniýanyň energiýa we daşky gurşaw bölüminiň işgäri Çan Bo aýtdy.
Kompaniýa, deňiz suwunyň süýjedilmegi netijesinde alnan süýji suwy polat öndürmekde we kompaniýanyň işgärleriniň öý zerurlyklary üçin ulanyljakdygyny aýtdy. Deňiz suwuny süýjediji desga polat guýýan zawodlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Netijede, zawodlar öz önümçiligini ekologiýa taýdan arassa etmek üçin köp mukdarda deňiz suwuny ulanyp, peýdalanylan ýylylygyny gaýtadan işlemäge ukyplydyr.