Esasan, telewizor önümçiligi bilen meşgullanýan “Hisense” kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup, elektron syýaly 5G telefonyny çykardy. Elektron syýa ak-gara reňkli ekran bolup, adaty reňkli ekranlardan tapawutlylykda gözüňi ýadatmaýar. Şol sebäpli elektron kitaplar üçin niýetlenen enjamlarda ulanylýar. Ekranyň bu görnüşi ýagty saçmaýar. Ony görmek üçin edil kitap okandaky ýaly ýagtylyk talap edýär. “A7 5G” atly 5G-li smartfon häzirlikçe diňe Hytaýda satuwa çykaryldy. 6,7 dýuým ululygynda ekrany bolan telefonyň RAM-y 6 GB we içki ýady 128 GB. Telefonyň öňünde bir, yzynda bir kamera bar. Telefonyň bahasynyň 305 dollardygy mälim edildi.
Mundan ozal “Paperlike” atly kompaniýa elektron syýaly uly ekrany işläp taýýarlapdy. Şeýle hem “Yotaphone” atly kompaniýa bir tarapy adaty, beýleki tarapy elektron syýaly telefon çykarypdy. BU telefonyň ikinji ekrany ulanylanda telefonyň zarýady örän ujypsyz sarp edilýär.