“BMW iX” atly elektroulag iň kyn howa we ýol şertlerinde synagdan geçirýär. Soňky ýyllarda elektroulag önümçiligine hem üns berip başlan nemes brendi şeýle ulaglaryň brendiň adyna mynasyp bolmagy üçin tagalla edýär. Önümçilige taýýar edilen “BMW iX” atly elektroulag Demirgazyk polýusa ýakyn ýerde soňky synaglardan geçirilýär. Geçirilýän synaglar dört tigri aýlanýan, elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijisi, ýokary güýjenmeli batareýasy we zarýad alyş tehnologiýasy babatda ulagyň önümçilige doly taýýardygyny görkezdi. BMW-niň “eDrive” tehnologiýasy Norwegiýanyň Mageroýa adasyndaky Demirgazyk burnundaky ýollarda geçirilýär. Netijede, ulagyň aşa sowuk howada, typançak ýolda ýokary ygtybarlylygy üpjün edýändigi anyklandy.
“BMW iX”-iň kuwwaty 500 at güýjüne barabar bolup, 0-100 km tizlige 5 sekuntda ýetýär. Batareýasy bir gezekki zarýady bilen 600 kilometre çenli ýol geçýär. Ulagyň batareýasy bary-ýogy 40 minuta 80 göterime çenli dolýar. Şeýle hem 10 minutlyk zarýad ulagyň 120 kilometr ýol geçmegine mümkinçilik berýär.