Beýik Britaniýa we Ýewropa Bileleşigi geljekki gatnaşyklar we erkin söwda barada şertnama baglaşmak maksady bilen özara ylalaşyk gazandylar. Bu barada Beýik Britaniýanyň hökümetindäki çeşmelere salgylanyp, “Sky News” teleýaýlymy habar berýär. Brýussel we London ylalaşyk gazanan halatynda, Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi 1-nji ýanwardan başlap, Beýik Britaniýa bilen söwda şertnamasynyň durmuşa geçirilmegine taýýardygyny mälim etdi. Bu meseleler boýunça şu gün – 24-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlary duşuşyk geçirerler.
Beýik Britaniýa üç ýyllap geçirilen maslahatlardan soňra 2020-nji ýylyň 1-nji fewralynda Ýewropa Bileleşiginden çykypdy. Brýussel we London şu ýylyň ahyryna çenli geçiş döwri barada ylalaşdylar, şol döwürde Beýik Britaniýa ýeke-täk bazar söwdasy bilen baglanyşykly ähli Ýewropa düzgünlerine eýerýär. Britan hökümetiniň uzaltmakdan ýüz öwren geçiş döwri gutarýança taraplar geljekki gatnaşyklaryň formaty barada ylalaşyp, erkin söwda şertnamasyny baglaşmagy meýilleşdirýärler. Balyk tutmak paýy boýunça meseleler Beýik Britaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň söwda gepleşiklerinde esasy iki mesele bolup durýar. Ylalaşyga barýan ikinji päsgelçilik, britan we Ýewropa kompaniýalary üçin deň bäsdeşlik şertlerini üpjün etmek talaby bolup durýar.