Dünýäniň öňdebaryjy uçar öndüriji kompaniýasy “Airbus” wodorod ýangyjy bilen işleýän uçarlary öndürmek üçin iş alyp barýar. Kompaniýa 2035-nji ýyla çenli howa hiç hili zyýanly gaz goýbermeýän uçarlaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Munuň üçin işlenip taýýarlanýan uçaryň ýangyç bölümi, motory we perleri aňsatlyk bilen sökülip-dakylar. Şeýlelikde, howa gämilerine tehniki ideg etmek aňsat bolar.

Häzirki wagtda dünýäde howa iberilýän zyýanly gazlaryň 3,5 göterimi uçarlaryň tüsseçykaryndan çykýar. Täze işlenip düzülýän tehnologiýa esasynda uzak aralyga uçup bilýän ýolagçy uçarlary öndüriler.