24-nji dekabrda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparynyň ikinji mejlisidir.
Mejlisiň işine ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, häkimlikleriň, banklaryň, beýleki edara kärhanalaryň wekilleri, IT-meýdançalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparynyň Düzgünnamasyna hem-de bilimine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri girizildi.
Şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Identifikasiýalaşdyrmagyň we autentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamynyň (IABU) milli taslamasyny mejlise gatnaşyjylara hödürledi, bu ulgam elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, maglumat giňişligine gatnaşyjylaryň (isleg bildirýän raýatlaryň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) döwlet elektron serişdelerine ygtyýarlandyrylan elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer.
Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň Bitewi portalynda–e.gov.tm bellige almak kadalary berjaý edilenden soňra şeýle elýeterlilik üpjün edilýär.
Mundan başga-da, iş toparynyň mejlisinde Pudagara elektron hyzmaty ulgamynyň (PEHU) – ýurdumyzyň merkezi, sebit we ýerli häkimiýet edaralaryna, karz edaralaryna we PEHU beýleki gatnaşyjylara raýatlara hem-de guramalara elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän maglumat ulgamynyň taslamasy hödürlendi.
Onlaýn mejlisine gatnaşyjylar sanly ulgama geçmäge üstünlikleri üpjün etmek üçin birnäçe ugurlar, şol sanda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli işgärler, ylmy-tehniki we düzümleýin mümkinçilikleri ösdürmek boýunça çäreleriň üznüksiz hem-de yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny bellediler.