Dünýä belli modaçy, egin-eşik öndürýän meşhur kompaniýanyň eýesi Pier Karden 98 ýaşynda aradan çykdy. Doly ady Pietro Kostante Karden bolan modaçy 1922-nji ýylda Italiýanyň San Biajo di Kallalta şäherinde dünýä inýär. Kardeniň maşgalasy ogullary Pier 2 ýaşyndaka Fransiýa göçüp gaýdýarlar. Şol sebäpli-de asly italýan hem bolsa, köpler ony fransuz modaçy hökmünde tanaýar. 1936-njy ýylda bir tikinçiniň ýanynda tikin tikmegi öwrenip başlaýar. 1945-nji ýylda maşgalasy bilen Pariže göçüp geleninden soň, ol şol döwrüň meşhur modaçylary Žan Pakin, Kristian Bernar, Elsa Şiaparelli dagy bilen işleşýär. 1947-1950-nji ýyllar aralygynda-da meşhur modaçy Kristian Dioryň ýanynda hünärini has-da kämilleşdirýär. Ol 1950-nji ýylda soňlugy bilen, dünýäde uly meşhurlyk gazanjak “Pierre Cardin” brendini esaslandyrýar. Häzirki wagtda “Pierre Cardin” brendine degişli egin-eşikler, hoşboý ys beriji atyrlar, kosmetiki önümleri, şaý-sepleri, goşar sagatlary hem-de kanselýarýa önümlerini (esasan hem ruçkalar, galamlar) öndürilýär. Fransiýadyr Italiýanyň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň dürli ordenlerine mynasyp bolan Pier Kardeniň “Pierre Cardin” brendiniň önümleri häzirki wagtda birnäçe ýurtda öndürilýär. Öndürýän önümleri bilen moda dünýäsine birnäçe täzelik girizen Karden 1991-nji ýylda UNESCO-nyň Parahatçylyk ilçisi bolýar.