Diego Kosta “Atletiko Madridden” gaýtdy

104

“La Liganyň” öňdebaryjy toparlaryndan “Atletiko Madrid” ispaniýaly hüjümçisi Diego Kostany topardan ugratdy. Has takygy, futbolçynyň islegi boýunça şertnama iki tarapyň razylygy bilen ýatyryldy. Asly braziliýaly bolan Diego Kosta 2-nji gezek “Atletiko Madrid” kluby bilen hoşlaşýar. Ol 2014-nji ýylda-da “Atletikodan” “Çelsi” toparyna transfer bolupdy. 2018-nji ýylda täzeden madridlileriň düzümine goşulan 31 ýaşly Kosta “Atletikonyň” düzüminde 215 oýunda 83 gol geçirdi.

Diego Kosta mundan soň, “Atletiko Madridiň” “La Ligadaky” ýa-da Çempionlar ligasyndaky garşydaşlarynyň biriniň hataryna goşulsa, onda ol şertnama laýyklykda öňki toparyna (“Atletiko) 15 million ýewro tölemeli bolar.