Adam te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­nyn­da oňa zeper ýe­tir­me­ýär. Şol se­bäp­li to­kaý­la­ryň için­den de­mir we ga­ra ýol­la­ry gur­lan­da jan­ly-jan­dar­la­ryň geç­me­gi üçin ýe­ras­ty we ýe­rüs­ti köp­rü­ler, ge­çel­ge­ler gu­rul­ýar. Ýa­po­ni­ýa­da de­mir ýol­la­ryň aşa­gyn­da pyş­ba­ga­la­ryň geç­me­gi üçin ýö­ri­te ötük­ler bar. Kä­bir ýurt­lar­da dag etek­le­rin­dä­ki ýol­lar­da to­kaý haý­wan­la­ry­nyň geç­me­gi üçin ýö­ri­te köp­rü­ler gur­lan. Awst­ra­li­ýa­da bol­sa leň­ňeç­le­riň geç­me­gi üçin köp­rü­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Go­laý­da Hin­dis­ta­nyň Ut­ta­rak­hand şta­tyn­da­ky to­kaý­da şeý­le köp­rü­le­riň bi­ri gurul­dy. Uzyn­ly­gy 27 met­re ba­ra­bar bo­lan köp­ri bam­buk­dan we beý­le­ki ösüm­lik­ler­den işi­lip ýa­sa­lyp­dyr. To­kaý hojalygy işgärleri sü­rü­ji­le­riň pil­le­ri we beý­le­ki uly haý­wan­la­ry uzak­dan gö­rüp, ula­gyň tiz­li­gi­ni pe­seld­ýän­di­gi­ni, em­ma bel­ka we beý­le­ki ki­çi haý­wan­la­ry wag­tyn­da gö­rüp ýe­ti­şmeýändiklerini aýd­ýarlar. Şol se­bäp­li haý­wan­la­ry go­ra­mak mak­sa­dy bi­len ýo­luň iki gy­ra­syn­da­ky agaç­la­ryň ara­sy­ndan ösüm­lik­ler­den as­ma köp­ri ýa­sap­dyr­lar. Ola­ryň ösüm­lik­den ýa­sal­ma­gy bol­sa, jan­dar­la­ryň gork­man geç­mek­le­ri­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär.