2023-nji ýyldan başlap Germaniýanyň dünýä belli BMW kompaniýasynyň satjak ulaglarynyň 20 göterimini elektroulaglar düzer. Kompaniýanyň müdiriýetiniň başlygy Oliwer Zipse bu barada habar berdi.
Elektroulag bazarynyň ösmegi bu ugurdaky bäsdeşligi artdyrýar. BMW kompaniýasy hem ýakyn geljek üçin meýilnamalaryny mälim etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan Zipse elektroulaglaryň sanyny artdyrýandyklaryny, 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda meýilleşdirilenden 250 müň elektroulagy köp öndürmegi göz öňünde tutýandyklaryny belledi.
Şeýle hem ol 2023-nji ýyla çenli elektroulaglaryň umumy satuwyň 20 göterimini tutjakdygyny mälim etdi. BMW kompaniýasynyň ýolbaşçysy zarýad beriş bekediniň üstünde işlemegini dowam etdirip, «Bu ugurda entek köp iş edilmeli. Zarýad beriş beketleriniň sanynyň ýeterlik bolmagy üçin her hepde 15 müň şahsy we 300 sany köpçülikleýin zarýad beriş bekedi döredilmeli» – diýip belledi.
Daýançgeldi BEKDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.