Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy älem gi­ňiş­li­gin­de gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän kos­mos be­ke­di üçin 2021-nji ýy­lyň ba­har pas­lyn­da or­bi­ta esa­sy mo­du­ly­ny iber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Hy­ta­ýyň Kos­mos me­ýil­na­ma­sy agent­li­gi­niň baş in­že­ne­ri Çou Si­an­ping be­ke­diň bin­ýa­dy­ny esas­lan­dyr­jak mo­du­lyň we ony or­bi­ta çy­kar­jak ra­ke­ta­nyň taý­ýar­dy­gy­ny we ola­ryň ahyr­ky sy­nag­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy 2022-nji ýy­la çen­li kos­mos gi­ňiş­li­gin­de öz kos­mos be­ke­di­ni gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu kos­mos be­ke­din­de kos­mos te­les­ko­py hem-de la­bo­ra­to­ri­ýa hem bo­lar. Bu kos­mos be­ke­di­niň gu­rul­ma­gy üçin älem gi­ňiş­li­gi­ne 11 ge­zek gi­di­lip gel­ner.
Şeý­le hem Hy­ta­ýyň kos­mos me­ýil­na­ma­sy kos­mos be­ke­di bi­len çäk­li däl­dir. Hy­taý Aý­dan ge­ti­ri­len daş we top­rak nus­ga­la­ry­ny öw­ren­mek işi­ni hem do­wam et­dir­ýär. Bu ba­ra­da­ky tej­ri­be­le­ri­ni is­len­dik ýurt bi­len hem paý­laş­ma­ga taý­ýar­dygyny mälim etdi.
Hy­taý ABŞ-dan hem-de ozal­ky So­wet So­ýu­zyn­dan soň­ra Aý­dan nus­ga ge­ti­ren üçün­ji ýurt­dyr.

Ýaz­my­rat GEL­DI­MY­RA­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.