2021-nji ýylyň ilkinji güni, “Türk akymy” gaz geçirijisiniň “Balkan akymy” atly şahasynyň açylmagy Serbiýa üçin möhüm waka boldy. Şeýlelikde, ilkinji kub metr gaz Türkiýäniň üsti bilen Serbiýa akyp başlady. Indi “Türk akymynyň” üsti bilen gaz alýan Ýewropa ýurtlarynyň sany alta ýetdi. Bular Bolgariýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Rumyniýa, Serbiýa, Bosniýa we Gersegowina. Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Balkan akymynyň serb bölüminiň işe giriziliş dabarasyna gatnaşdy.