Ýaponiýada ýarym kilogram çereşnýa auksionda takmynan 10 müň dollara satyldy. 2021-nji ýylyň ilkinji satuwynda çereşnýanyň täze hasylynyň 500 gramynyň 1 million ýen (takmynan 9,8 müň dollara) satylandygy mälim edildi. Bu barada Ýaponiýanyň ýerli oba hojalyk edaralarynyň geňeşi habar berýär.
Bu auksion ýurduň Ýamagata prefekturasynda amala aşyryldy. Çereşnýanyň «Satonisiki» görnüşiniň iň ir ýetişýän hasyly satuwa çykaryldy. Tehnologik taýdan ösdürilip ýetişdirilýän çereşnýa bahasynyň ýokary bolmagy bilen tapawutlanýar. Ol ýörite çeleklerde ösdürilýär. Iýun aýyndan oktýabr aýyna çenli ony sowadyjylarda saklaýarlar. Soňra ýyladyşhana geçirilýär. Ýyladyşhananyň gündizki temperaturasy 25 derejede, gijekisi bolsa 13 derejede saklanýar.
Tendo şäheri çereşnýanyň bu görnüşiniň ýetişdirilýän ýeri hasaplanýar. Onuň hasyly Ýaponiýada iň ir ýetişýän görnüş bolup durýar. Ýamagata prefekturasynda çereşnýanyň bol hasyly alynýar. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän çereşnýa ýurtda sarp edilýän datly miwäniň 75 göterimini üpjün edýär.
Şemşat PIRMÄMMEDOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.