Azyk önüm­le­ri be­de­niň ka­da­ly iş­jeň­li­gi­ni üp­jün edýär. Sagdyn beden üçin wagt­ly-wag­tyn­da dog­ry iý­mit­len­mek esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir. Gyş paslyndaky iý­mit­le­niş to­mus­ky­dan kän ta­pa­wut­lan­ma­ýar. Gün­de 4-5 ge­zek, az-az­dan iý­mek ýe­ter­lik­dir. Gyş­ky iý­mit­le­ni­şe süýt önüm­le­ri­ni, gök önüm­le­ri we mi­we­le­ri goş­mak örän ze­rur­dyr. Eti hep­de­de iki ge­zek­den köp iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Beý­le­ki gün­ler­de ba­lyk, peý­nir, kö­sük­li önüm­ler we ýu­murt­ga iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, iý­mit sa­na­wy­na gök önüm­ler­den we kö­sük­li önüm­ler­den, şeý­le-de guş etin­den taý­ýar­la­ny­lan çor­ba­ny goş­ma­ly. Taý­ýar­la­ny­lan iý­mit ga­ty gyz­gyn bol­ma­ly däl­dir, se­bä­bi be­den ony so­wat­mak üçin ener­gi­ýa sarp et­me­li bol­ýar. Iý­mi­tiň ka­bul eder­lik de­re­je­si ortaça bol­ma­ly.

To­mus­da­ky­dan has köp suw içiň!

Nä­me üçin­dir, kä­bir adam­lar so­wuk möw­sü­min­de ga­ty az suw iç­me­li di­ýip ha­sap­la­ýar­lar. Ýö­ne luk­man­lar şeý­le çäk­len­dir­me­le­re duý­du­ryş ber­ýär­ler. Sebäbi, edil ys­sy howa ýa­ly, so­wuk hem de­ri­ni gu­rad­ýar. Bu ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak üçin hök­man suw iç­me­li.
Gyş­da az der­le­ýän­di­gi­mi­ze ga­ra­maz­dan, suwuklyk öz muk­da­ry­ny ýi­tir­ýär. So­wuk ho­wa­da dem ala­ny­myz­da bu­gar­mak eme­le ge­lip, ne­ti­je­de be­de­niň çyg­ly­lyk de­re­je­si pe­sel­ýär.
Ko­fe­ni çäk­len­di­rip, ony der­man­lyk ot­lar­dan dem­le­nen çaý, mi­we iç­gi­si, gu­ra­dy­lan mi­we­den taý­ýar­la­ny­lan şer­bet bi­len ça­lyş­mak has go­wu­dyr. Hü­när­men­ler mi­we şer­bet­le­ri taý­ýar­la­ny­lan­da ola­ry gaý­nat­man, gaý­nag suw­da 6 sa­gat goý­ma­gy we şe­ke­riň ýe­ri­ne bal goş­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Ýat­maz­dan ozal ýy­ly, ýu­wan­rak çaý iç­mek be­de­ni ra­hat­lan­dy­ryp, uky­ny ka­da­laş­dy­rar.
Be­den üçin haý­sy önüm­ler has ze­rur?!

Hü­när­men­ler bu so­ra­ga be­den üçin äh­li önüm­ler: be­lok­lar, ýag­lar, ug­le­wod­lar we wi­ta­min­ler ge­rek di­ýip jo­gap ber­ýär­ler. Be­den gün­de or­ta­ça 100 gram be­lok ta­lap ed­ýär. Sarp edil­ýän be­lo­gy di­ňe et önüm­le­rin­den däl, ösüm­lik­ler­den hem al­ma­ly­dyr. Ýu­murt­ga iý­mit sa­na­wyn­da hök­man bol­ma­ly­dyr. Tü­wi­niň ýo­kum­ly­ly­gy güýç­li bo­lup, ony köp­lenç gaý­na­dyp iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Wi­ta­min­le­riň esa­sy çeş­me­si gök önüm­ler bo­lup, hü­när­men­ler gün­de dür­li gör­nüş­li gök önüm­le­ri we mi­we­le­ri iý­megi maslahat berýärler. Kä­şir­den we ke­lem­den taý­ýar­la­ny­lan iş­däa­çar­lar, gap­la­nyp gy­şa goý­lan gök önüm­ler iý­mi­ti­ňi­ze go­şul­ma­ly­dyr. Gow­ru­lyp bi­şi­ri­le­ni­ne ga­ranyň­da, gaý­na­dy­lyp ýa-da bug­la­nyp bi­şi­ri­len gök önüm­ler has peý­da­ly­dyr. Gyş­ky iý­mit sa­na­wy­ňyz­da sit­rus mi­we­le­ri­niň bol­ma­gy be­de­ni­ňi­zi has-da güýç­len­di­rer. Se­bä­bi, sit­rus mi­we­le­ri­niň dü­zü­min­de C wi­ta­mi­ni has köp muk­dar­da bol­ýar.
Gy­şy­na sus­su­pes­lik, ga­har­jaň­lyk ýa­ly ýag­daý­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Alym­lar mu­nuň se­bä­bi­niň köp­lenç bulutly ho­wa däl-de, eýsem be­den­de ýag ýet­mez­çi­li­gi di­ýen ne­ti­jä gel­di­ler. Gö­zeg­çi­lik bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ada­ma bir gü­nüň do­wa­myn­da azyn­dan 30 gram ýa­gyň ge­rek­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. La­sos, so­ýa, zeý­tun, mek­ge­jö­wen, gü­ne­ba­kar, kün­ji peý­da­ly ýag­la­ryň çeş­me­si­dir. Süýt önüm­le­ri­niň dü­zü­min­de hem ýa­gyň bar­dy­gy­ny ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň!

Haý­sy iý­mit­ler D wi­ta­mi­niň ýet­mez­çi­li­gi­ni dol­du­ryp bi­ler?

Gyşda Gün şöh­le­si­niň pes­li­gi se­bäp­li, be­den­de me­la­to­ni­niň azal­ýan wag­ty­dyr. Me­ta­bo­lizm üýt­ge­ýär, im­mu­ni­tet gow­şa­ýar. Be­de­ne ener­gi­ýa ber­ýän D wi­ta­mi­ni, esa­san, Gün şöh­le­si­niň tä­si­ri as­tyn­da ön­dü­ril­ýär. D wi­ta­mi­niň ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak üçin ýag­ly ba­lyk, so­gan, süýt, dä­ne­li önüm­ler, ba­gyr, ýu­murt­ga we kö­me­lek iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

Aý­na Şa­dur­dy­ýe­wa,
Ker­ki et­ra­by­nyň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş gul­lu­gy­nyň iş­gä­ri.