Fransiýanyň «Peugeot» we «Citroen» ýaly brendli awtoulaglaryny öndürýän PSA toparynyň paýdarlary «Fiat Chrysler Automobiles» (FCA) kompaniýasy bilen bilelikde iş alyp barmak barada şertnama baglaşdylar. Şeýlelikde, «Stellantis» atly täze kompaniýa emele geldi. Täze döredilen kompaniýasynyň paýnamalary taraplara deň bölündi. Paýdarlaryň arasynda Hytaýyň «Dongfeng» kompaniýasy hem bar.
2019-njy ýylyň dekabrynda «Fiat Chrysler Automobiles» bilen PSA topary birleşmek üçin ylalaşypdylar. Şondan bäri geçirilýän gepleşikleriň netijesinde gol çekilen ylalaşygy Fransiýanyň hökümeti tassyklady. Ýewropa ýurtlarynda hereket edýän kanunçylyga görä, uly möçberli ylalaşyklar Ýewropa Bileleşiginiň basdeşlik edarasy tarapyndan hem tassyklanmaly bolýar. Bäsdeşlik edarasy mundan ozal bu ylalaşyga rugsat beripdi. Netijede awtoulag öndürmekde dünýäde täze kompaniýa emele geldi. Täze emele gelen «Stellantis» atly kompaniýa her ýylda 8,7 million awtoulag öndürer. Onuň ýyllyk pul dolanyşygy 170 milliard ýewro töweregi bolar.
Saparmyrat SAPARMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.