Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyz 2020-nji ýylda uly ösüşlere eýe boldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyz tamamlanyp, Täze ýyla uly ynam bilen gadam basdyk. Täze ýylymyz döwrebap adyna eýe boldy. Ol hem milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýugrulan içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Bu hem pa­ra­hat­çy­lyk hem-de yna­nyş­mak­dyr. Bil­şi­miz ýa­ly, hormatly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­lyk esa­syn­da dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi ün­däp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den köp san­ly hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar bi­len yzy­gi­der­li çy­kyş edip gel­ýär. Bu hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gyz­gyn gol­da­wy­na eýe bol­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.
Bu ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­lip, iş ýü­zün­de dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan ýy­ly­na ga­bat­lap mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň toý­lan­ýan döw­rün­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri giň­den wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len 2021-nji ýyl «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Ta­ry­hy taý­dan gys­ga möh­le­tiň için­de Ga­raş­syz ýur­du­myz özü­niň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne da­ýa­nyp, Ýer ýü­zü­niň köp döw­let­le­ri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na dost­luk­ly, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýup, bu ugur­da giň tej­ri­be­le­re eýe bol­dy.
Ga­raş­syz döw­le­ti­miz beý­le­ki ýurt­lar, esa­sy hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny ýokary de­re­je­de ös­dür­ýär. Şo­la­ryň ne­ti­je­sin­de, hal­ka­ra söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ry pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­kit­mä­ge, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri bi­len içe­ri sy­ýa­sat­da, ýag­ny ýur­duň için­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ösdü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Mu­ňa ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Je­mi içer­ki önü­mi­mi­ziň ösüş dep­gi­ni­niň ýo­ka­ry derejede sak­la­nyp ga­lyn­ma­gy, dür­li se­na­gat pu­dak­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da ta­gal­la­la­ryň edil­me­gi, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­riň gaz­an­yl­ma­gy, 1 mil­li­on 476 müň ton­na gal­la ýyg­na­lyp, ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, hä­zir­ki dö­wür­de umu­my şert­na­ma ba­ha­sy 37 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem köp bo­lan önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly iki ýa­rym mü­ňe go­laý des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ma­gy Tä­ze ýyl­da tä­ze üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­nyň buş­luk­çysy bo­lup dur­ýar.
Umu­man, ýur­du­myz­da Tä­ze ýyl­da hem da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri özü­miz­de ön­dür­mek, ola­ry eks­port et­me­giň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, ýer­li çig mal­la­ry peý­da­lan­ýan, hä­zir­ki döw­rüň teh­ni­ka­la­ry hem-de teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek işi­niň do­wam et­di­ril­me­gi ýur­du­my­zy no­bat­da­ky ösüş­le­re alyp ba­rar.

Eziz AR­TYK­LY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.