Luk­man­lar mi­we­dir gök önüm­le­ri te­bi­gy ýe­tiş­ýän we dur­nuk­ly sak­la­nyp bil­ýän möw­sü­min­de iý­me­giň sag­ly­ga has peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Gyş­da ýe­tiş­ýän we gyş­da sak­la­ma­gy aň­sat bo­lan gök önüm­le­ri bu pa­syl­da iý­mek has peý­da­ly­dyr. Şeý­le bak­ja ekin­le­ri­niň bi­ri hem kä­şir­dir. Şu ýyl­da ha­sy­ly al­nan kä­şi­ri in­di­ki ýy­lyň ýaz aý­la­ry­na çen­li is­rip et­män sak­lap bol­ýar. Eý­sem, bu dat­ly gök önü­miň nä­hi­li gör­nüş­le­ri bar­ka? Na­har­la­ry, iş­däa­çar­la­ry taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ýan, şeý­le hem su­wy sy­ky­lyp içil­ýän, mü­rep­be­si gaý­na­dyl­ýan kä­şi­riň gör­nü­şi reň­ki­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Bu bak­ja eki­ni­niň na­rynç, gy­zyl, sa­ry, ak we be­new­şe reňk­li gör­nüş­le­ri bol­ýar. Ola­ryň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ýer­le­ri reňk­le­ri­ne we gör­nüş­i­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Na­rynç we sa­ry kä­şir, esa­san, Ýa­kyn Gün­do­gar we Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da, gy­zyl kä­şir Hy­taý­da we Hin­dis­tan­da, ak kä­şir Ow­ga­nys­tan­da, Eý­ran­da we Pa­kis­tan­da, be­new­şe kä­şir Ýa­kyn we Uzak Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.