Boks sportunyň iki ägirdi, amerikaly Maýk Taýson bilen Ewander Holifild ringe çykmaga taýýarlyk görýärler. Bu barada 58 ýaşyndaky Holifild: “Häzirki wagtda taraplar içgin gepleşikler geçirýärler. Men bu tutluşygyň geçjegine ynanýaryn. Şol bir wagtyň özünde-de men türgenleşiklerimi dowam etdirýärin. Özümi gowy duýýaryn. Meniň ylalaşygyň gazanyljakdygyna ynamym uly. Men bu duşuşyga taýýar” diýip, çykyş etdi. Holifild: “Bu duşuşykda çykyş etjekleriň bilelikdäki ýaşy 112-ä deň. Şol sebäpli-de tutluşygyň umumy gaznasy azyndan 200 million dollar möçberinde bolmaly” diýdi.
Iki boksçy 1996-njy ýylda ilkinji gezek duşuşypdylar. Şonda Holifild ýeňiş gazanypdy. Haklaşyk duşuşygy bolsa, taryhy gopgunly waka öwrülipdi. Maýk Taýson bäsdeşiniň gulagyny dişländigi üçin 2-nji duşuşyk ýatyrylypdy.
Ýeri gelende aýtsak, Maýk Taýson geçen ýylyň 29-njy noýabrynda 51 ýaşly Roý Jonson bilen tutluşyk geçiripdi. Weteranlaryň bu duşuşygy deňlikde ýagdaýynda tamamlanypdy.