Ýewropanyň Merkezi banky sanly ýewro pul birligini çykarmagy meýilleşdirýär. Bankyň başlygy Kristin Lagard geljekki bäş ýylyň dowamynda sanly ýewronyň dörediljekdigini aýtdy. Lagard bu barada “Gelejek barada gaýtadan pikirlenmek” atly maslahatyň dowamynda habar berdi. Bankyň ýolbaşçysy onlaýn görnüşde geçirilen maslahatda ýewro sebitiniň ykdysadyýeti baradaky pikirlerini hem aýtdy. Lagard dürli kynçylyklara garamazdan, sebitiň ykdysady ösüşine ýokary baha berdi. Maslahatda ýewro sebitiniň jemi içerki önüminiň şu ýyl 3,9 göterim ösmegine garaşylýandygy bellenildi.