Gündogar Afrikada ýerleşýän Ruandanyň Gişwati-Mukura milli seýilgähi ÝUNESKO-nyň biosfera goraghanasy derejesine eýe bolandan soň, ilkinji gezek şimpanze we beýleki jandarlaryň ýaşaýan ýerlerine gezelenç etmäge mümkinçilik döredildi. Seýilgäh iki tebigy tokaýdan – Gişwati we Mukuradan ybarat. Olaryň umumy meýdany 35,58 inedördül kilometre deň. Bu ýerde maýmynlaryň köp sanly görnüşi we beýleki ownuk süýdemdirijiler, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler, guşlaryň 120-den gowrak görnüşi, şeýle hem ösümlikleriň 250-den gowrak görnüşi bar.
Seýilgähiň köp bölegi 1994-nji ýyldan soň oba hojalyk ýerleri, ilatyň ýaşamagy hem-de magdançylyk ýerleri üçin bölünip berlendigi sebäpli zyýan çekdi. Ruandanyň häkimiýeti häzirki wagtda sebitdäki tokaýlary dikeltmek maksady bilen köp işleri alyp barýar. Bu ýere gelip görýänler diňe bir bu ýerde ýaşaýan haýwanlary synlamak bilen çäklenmän, seýilgähiň dikeldilmegine goşant goşmak üçin ýerli tokaý nahalhanasynda nahal hem ekip bilerler.