Türkmen halky dilewar, şahandaz halk. Halkymyz asyrlarboýy çaga terbiýesinde nesilbaşymyz Oguz hanyň «Çagaňa dili manysy bilen öwret» diýen ýörelgesine eýerýär.
Ujuny düwmez üç ötir
Bu nakyl ene-mamalarymyzyň el işlerinden ugur alnyp döredilen. El işlerinde iňňeden ötürilenden soň sapagyň ujy düwülýär, şeýle edilmese, sapak iňňäniň gözünden yzyna çykýar. Muny bilmeýän adam şol bir işi telim gezek gaýtalamaly bolar. Bu göçme manydaky nakylda öz işini bilmeýän adamyň emelsizlik bilen netije gazanyp bilmejekdigi, her kimiň öz işine jür bolmalydygy nygtalýar.