Türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligi barada giňişleýin söz açyp, olaryň halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, mukaddes Watanymyza, ene topragymyza bolan çuňňur söýgini kemala getirmekde bitiren hyzmatlaryna çuňňur sarpa goýmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň bize beren peşgeşidir. Munuň üçin halkymyzyň ruhy medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimize bolan söýgüsi çäksizdir.
Öz ýaşan bary-ýogy kyrk üç ýaşynyň içinde halkyň söýgüsini gazanan, birnäçe eserleri döredip, geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň söz ussatlarynyň hatarynda ykrar edilen ýazyjylaryň biri-de Agahan Durdyýewdir. Şol döwürde Berdi Kerbabaýew, Nurmyrat Saryhanow, Garaja Burunow, Ýakup Nasyrly, Ata Gowşudow, Amandurdy Alamyşow ýaly ýazyjylar ýigriminji ýyllaryň edebiýatynyň düýbüni tutujylar bolupdyrlar. Agahan Durdyýew hem çeper döredijiligi bilen bu döwrüň edebiýatynyň ösmegine mynasyp goşandyny goşupdyr.
1904-nji ýylda Tejen etrabynyň Ikinji Babadaýhan obasynda dünýä inen A. Durdyýew mekdepde bilim alandan soň, 1922-nji ýylda Marydaky Mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. 1924-nji ýylda bolsa, Daşkentdäki Orta Aziýa uniwersitetinde okap, şol ýyllarda döredijilik bilen meşgullanyp ugraýar. 1927-nji ýylda uniwersiteti tamamlap, häzirki “Nesil” (öňki “Ýaş kommunist”) gazetinde işläp başlaýar. Şol döwürde onuň “Bal tutan barmagyny ýalar”, “Hyýal derýasynda”, “Bagtly gyz” ýaly birnäçe hekaýalary çap edilýär. 1933-nji ýylda ýazyjynyň “Zarpçylar tolkuny” atly hekaýalar ýygyndysy neşir edilýär.
A.Durdyýewiň bütin döredijiligi metbugat işi bilen baglydyr. Ol dürli ýyllarda şol döwürde çykýan gazet-žurnallarda zähmet çekýär. Harby gazetde işlän döwründe ýazyjynyň “Ýapon esgeri”, “Lotta Şuls” atly hekaýalary çap edilýär.
Ýazyjy 1931-1946-njy ýyllarda häzirki “Garagum” (öňki “Sowet edebiýaty”) žurnalynda işlän döwründe çeper döredijilige ymykly aralaşýar. Ol ýyllar ýazyjy “Meret”, “Ýer ussatlary”, “Bagtly ýigit”, “Bally molla” ýaly görnükli kyssa eserlerini, “Açar”, “Pul” ýaly pýesalaryny ýazýar.
1941-1945-nji ýyllaryň urşy ýyllarynda Watan mukaddesligi, ene topragyň azatlygy, bu mukaddeslikleri goramaga aýaga galan esgerleriň söweş ýollary ýazyjynyň döredijiliginiň örüsiniň giňemegine ýardam edýär. Şol ýyllarda onuň “Serdar aganyň ogullary”, “Watançy çopanlar”, “Fastenko”, “Watanyň gahrymany” ýaly eserleri okyjylara gowuşýar.
A.Durdyýewiň eserleriniň baş temasy – oba durmuşy. Ýazyjy oba durmuşy bilen baglanyşykly haýsy tema ýüzlense-de onuň halka düşnükli bolmagy üçin aladalanypdyr. Şonuň üçin-de ýazyjynyň oba temasyndan söhbet açýan eserlerinde okyjy özüniň we töweregini gurşap alýan adamlaryň durmuşyna mahsus bolan alamatlary görüp bilipdir.
Şeýle eserleriň biri-de, ýazyjynyň “Bagtly ýigit” powestidir. Öz döwründe uly meşhurlyk gazanan bu eserde ýazyjy goşun gullugynyň ýaşlary terbiýelemekdäki orny hakynda söhbet açýar.
Eseriň baş gahrymany – Annaguly. Ýazyjy Annagulynyň ýaşlyk ýyllaryny, soňra goşun gullugyna baryp, häsiýetiniň, aň-düşünjesiniň, fiziki taýdan kämilleşişini çeper beýan edýär. Goşun gullugy onuň üçin terbiýeçilik mekdebi bolýar. Annagulynyň häsiýetiniň özgermeginde goşundaky berk düzgün-nyzamyň, aýratyn-da, biri-biri üçin alada edýän esger ýoldaşlarynyň täsiri uly. Goşun durmuşynyň bu hili ýagdaýy öň obadaky etmeli işlerine perwaýsyz garan ýigidiň öňki häsiýetleri bilen ýaşamagyna ýol bermeýär. Ol erjelligi, tutanýerliligi, saklygy talap edýän gullukda düýpleýin özgerýär. Şeýlelikde, ol goşun gullugynda kemsiz taplanyp, obasyna dolanýar. Derek ýaly belent başly ýigide bütin oba guwanýar. Ol oba ýaşlaryna görelde alarlyk ýagdaýa eýe bolýar.
A.Durdyýewiň oba durmuşyndan söhbet açýan şeýle eserleriniň ýene biri “Han küýli” hekaýasydyr. Terbiýeçilik häsiýetli bu eseriň baş gahrymany Han küýli. Ol birbada zähmet çekmegi endigine öwürmän, wagtyny bihuda geçirip başlaýar. Daýanykly ýigidiň bu bolşuny oba adamlary ýazgarýarlar. Ýerlikli edilen bu ýazgaryş Han küýlüni çynlakaý pikirlenmäge mejbur edýär. Ýaltalyk edip ýörse, il ony oňlajak däl. Şonuň üçin ol ýaltalygyny taşlap, işlemek küýüne düşýär. Ol ýap gazylýan döwründe bir gije uklaman, öz aýalynyň, ýene-de başga biriniň çägini hem gazýar. Ýazyjy Han küýlüniň keşbiniň üsti bilen halal zähmet çekmegiň ynsan ömrüne nur saçýandygyny görkezýär.
1951-nji ýylda A.Durdyýewiň iň gowy hekaýalaryny, powestlerini, drama eserlerini özünde jemleýän eserleri “Saýlanan eserler” ady bilen neşir edilýär. Kyssa žanrynyň ussady A.Durdyýewiň eserleri ähli döwürlerde hem öz ähmiýetini saklap gelýär.
Çeper söze, döredijilige aýratyn sarpa goýulýan häzirki döwrümizde A.Durdyýewiň edebi mirasy ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde, ylymlar äleminde giňden öwrenilýär. Munuň özi ruhy medeniýete aýratyn sarpa goýulýan jemgyýetimizde çeper döredijiligiň ornunyň uludygynyň aýdyň beýanydyr.
Ýazgül MERGENOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.