18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesindäki öňdebaryjy serişdeleriň biri bolup durýar we şol bir wagtda hem ol eýýäm dünýäniň dürli sebitleriniň döwlet häkimýetleri tarapyndan makullanyldy. Biz adamyň adenowirus ugrunyň içgin öwrenilen platformasynyň esasynda döredilen hem-de degişli barlaglardan geçen «Sputnik V» serişdesi bilen ilata sanjym geçirilmeginiň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň derwaýys elementleriniň biri bolup durýandygyna ynanýarys» – diýip belläp geçdi.

Häzirki wagtda «Sputnik V» sanjymy dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunda ulanmak üçin makullanylandyr.