Italiýanyň “Inter” topary nyşanyny hem-de adyny üýtgeder. Italiýanyň belli sport neşiri “La Gazzetta dello Sport” gazetiniň habar bermegine görä, klubuň häzirki resmi ady “ Football Club Internazionale Milano” aýrylar we onuň ýerine “Inter Milano” ady goýlar. Şol birwagtyň özünde klubuň nyşany (logo) hem ýönekeýleşdiriler. Ol gök reňkiň üstünde gara reňkdäki “IM” harplaryndan ybarat bolar. Topardaky bu düýpli üýtgeşiklikler mart aýynda resmi ýagdaýda mälim ediler.

Şeýle-de klubuň köýnekçesindäki esasy hemaýatkäri “Pirelli”-niň ornuna Hytaýyň meşhur gurluşyk kompaniýasy “Evergrande Group”-yň geçmegine garaşylýar.