“Samsung” kompaniýasy “Samsung Galaxy S21” seriýasyna degişli enjamlar bilen bir hatarda “Galaxy SmartTag” atly enjamyny tanyşdyrdy. Ululygy 2×2 sm bolan enjam arkaly el telefonlaryňyzyň nirededigini tapyp bilersiňiz.  Üstesine munuň üçin internet baglanyşygynyň bolmagy hem hökman däl. Hatda telefon öçük hem bolsa, bu enjam arkaly ony tapyp bolýar. Açarlyk görnüşinde bolan “Galaxy SmartTag”-y açarlaryňyzda, gapjyklaryňyza we ş.m. ýerlerde berkidip ulanyp bolýar.

Ýeri  gelende aýtsak, “Samsung” diňe bir innowasiýa däl, eýsem daşky gurşawyň arassalygyna hem aýratyn üns berýär. Koreý brendi smartfonlary gaplaryny plastmassanyň ýerine sellýuloza bilen çalyşdy. Şeýle hem enjamlary gaplamak üçin bioplastika we krahmal esasly polimer ýaly ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanylýar. “Samsung” gaplamak we ulanyjy gollanmalary üçin daşky gurşaw bilen bagly halkara guramalary tarapyndan tassyklanan süýümli materiallary ulanmagy makul bilýär. “Galaxy” adapterleri öndürilende, ekologiýa taýdan arassa öý materiallaryny çig mal hökmünde ulanylýar. Bu enjamyň ortaça 20 göterimi ozal ulanylan materialyň galyndysyndan öndürilýär.