2001-nji ýyldan bäri her ýyl UEFA janköýerleriň ses bermegi esasynda ýylyň simwolik ýygyndysy saýlandy. Ýylyň toparynyň derwezeçisi Manuel Noýer boldy. Umumylykda “Bawariýadan” 6 futbolçy bolup, olaryň biri, has takygy, Tiago Alkantara transfer möwsüminde “Liwerpula” geçdi. Goragda Serhio Ramos, Wirgil Wan Deýk, Alfonso Dewies, Ýoşua Kimmih, ýarymgoragda Tiago Alkantara, Kewin De Bruýne, Lionel Messi, hüjümde Kristiano Ronaldo, Robert Lewandowski hem-de Neýmar janköýerler tarapyndan saýlandy. Ronaldo 15-nji gezek bu topara saýlanyp, bu ugurda öz rekordyny ösdürdi. Messi 12-nji, Ramos 9-njy sapar sanawa girmegi başardy.