Elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňündäki päsgelçilikleriň biri hem olaryň zarýad almagy üçin köp wagt gerek bolýandygydyr. Täze işlenip taýýarlanan tehnologiýa arkaly bu ulaglaryň zarýad almagy üçin gerek bolan wagt adaty ulaglara ýangyç guýan ýaly gysga bolar. Bilermenler elektroulaglaryň howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda täsirli taslamalaryň biri boljakdygyny belleýärler. «StoreDot» atly kompaniýa täze litiý-ion batareýalary işläp taýýarlady. Bu batareýalaryň önümçiligi «Eve Energy» tarapyndan Hytaýda ýola goýuldy. «StoreDot» kompaniýasy mundan ozal telefonlar, dron we samokat üçin niýetlenen gysga wagtda zarýad alýan batareýalary köpçülige tanyşdyrypdy. Indi bolsa, has uly batareýalaryň gysga wagtda zarýad alýan görnüşini taýýarlady. Kompaniýa «Daimler», BP, «Samsung» ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli has kämil batareýalary öndürmegi meýilleşdirýär. Bu batareýalar 5 minutda alnan zarýady bilen ulagyň 160 km ýol geçmegine mümkinçilik berer. Kompaniýanyň hünärmenleri bu batareýalara zarýad bermek üçin häzirki infrastrukturanyň ýeterlikdigine ünsi çekýärler.
Ýusup Durdyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň mugallymy.