Ulag we ara­gat­na­şyk ul­ga­my teh­no­lo­gi­ýa­nyň bat­ly ga­dam­lar bi­len ös­me­gi ne­ti­je­sin­de tä­ze döw­re ga­dam bas­dy. Hu­su­san-da, ulag ul­ga­myn­da aw­to­nom de­re­je­de iş­le­ýän, sü­rü­ji­siz ulag­la­ry taý­ýar­la­mak ba­bat­da bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da ABŞ-nyň dün­ýä bel­li «Micro­soft Corp» kom­pa­ni­ýa­sy hem uly ma­ýa go­ýum­la­ry ama­la aşyr­ýar. Kom­pa­ni­ýa ABŞ-nyň baş­ga bir iri aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan «Ge­ne­ral Mo­tors» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan «Crui­se» aw­tou­lag tas­la­ma­sy­na 2 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­ýär.
Mun­dan ozal, bu tas­la­ma «Soft­Bank Group» we «Hon­da» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar­dan 7 mil­liard dol­la­ra go­laý ma­ýa go­ýum­la­ry çe­ki­lip­di.
Bu ugur­da baş­ga-da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­lar iş alyp bar­ýar. «Au­ro­ra In­novation Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan ulag pu­da­gyn­da­ky tas­la­ma­sy­nyň ba­ha­sy 2019-njy ýyl­da 2,5 mil­liard dol­lar bolanlygyn­dan 10 mil­liard dol­la­ra ýetdi. Bu kom­pa­ni­ýa «Uber Techno­lo­gi­es Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sü­rü­ji­siz ulag tas­la­ma­sy­ny sa­tyn al­dy.
Öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän aw­tou­lag­lar üçin sen­sor ön­dür­ýän «Lu­mi­nar Techno­lo­gi­es Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­zar ba­ha­sy, tak­my­nan, 10 mil­liard dol­la­ra ýet­di.
«Alp­ha­bet Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan aw­tou­lag ul­ga­myn­da­ky gol­çur kom­pa­ni­ýa­sy «Way­mo LLC» ge­çen ýyl 3 mil­liard dol­lar jem­le­di we Ari­zo­na şta­ty­nyň Fi­niks şä­he­rin­de sü­rü­ji­siz tak­si hyz­mat­la­ry­ny ýola goýup baş­la­dy.

Ýu­sup HAL­LY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.