Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa­nyň dür­li çeş­me­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Ener­gi­ýa bo­lan is­le­giň art­ma­gy, ýe­ras­ty ener­gi­ýa gor­la­ry­nyň muk­da­ry­nyň çäk­li­li­gi we ada­ty ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň ho­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len bu ugur­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýel­den, Gün­den, tol­kun­lar­dan we ýe­ras­ty gyz­gyn suw­lar­dan ener­gi­ýa al­mak mak­sa­dy bi­len peý­da­la­nyl­ýar. Ýyl-ýyl­dan ös­ýän kos­mos pu­da­gy bol­sa tü­ke­nik­siz Gün şöh­le­sin­den ener­gi­ýa ön­dür­me­giň has tä­sir­li usu­ly­ny taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kos­mo­sa uçu­ry­lan eme­li hem­ra­la­ryň kö­pü­si Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly alyn­ýan ener­gi­ýa­dan peý­da­lan­ýar. Hü­när­men­ler köp wagt­dan bä­ri kos­mos gi­ňiş­li­gin­de Gün pa­nel­le­ri­ni otur­dyp, ener­gi­ýa al­ma­gy tek­lip ed­ýär­ler. Kos­mos Gün elek­tos­tan­si­ýa­ny (KGES) gur­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da il­ki bi­len rus ast­ro­no­my Kons­tan­tin Si­ol­kows­kiý or­ta at­ýar. 1973-nji ýyl­da bol­sa ame­ri­kan aly­my P.E.Gle­zer Gün elekt­ros­tan­si­ýa­ny ýer­leş­dir­mek üçin ge­os­ta­sio­nar or­bi­ta­ny hö­dür­le­ýär we tas­la­ma­nyň pa­ten­ti­ni al­ýar. Ge­os­ta­sio­nar or­bi­ta Ýer­den 36 müň km tö­we­re­gi uzak­ly­gy aň­lad­ýar. Ýe­riň oky ek­lip­tik te­kiz­li­gi­ne gö­rä, ýag­ny Gü­nüň aý­law he­re­ket ed­ýän älem sfe­ra­sy­nyň uly te­ge­le­gin­den, tak­my­nan, 23,5 dereje ýap­gyt­lan­ýar. Bu eme­li hem­ra ge­os­ta­sio­nar or­bi­ta şeý­le ýap­gyt­lyk bur­çy bi­len ýer­leş­di­ril­se, on­da oňa wag­tyň 90 gö­te­ri­minde Gün şöh­le­si dü­şer.
Hä­zir­ki wagt­da eme­li hem­ra­lar­da we kos­mos gä­mi­le­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy fo­toe­lekt­rik ba­ta­re­ýa­lar ar­ka­ly üp­jün edil­ýär. Ola­ryň kuw­wat­ly­ly­gy 20-25 kWt-dan geç­me­ýär. Şeý­le kos­mos Gün elek­tros­tan­si­ýa­sy­ny gur­maz­dan öň ola­ryň eko­lo­gik taý­dan howp­suz­ly­gy­ny bar­la­ma­ly. Alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň kuw­wa­ty­ny 100-den 1000 es­sä çen­li art­dy­ryp, Ýe­re ýit­gi­siz ýa-da az ýit­gi­li ge­çir­mek uly me­se­le bo­lup dur­ýar. Ýö­ne KGES-iň giň ge­rim­de ula­ny­ly­şyn­da ener­gi­ýa­ny Ýe­re ge­çir­mek­lik ba­ra­da çö­zül­me­dik me­se­le ýa­tyr. Bu me­se­lä­ni ara­dan aýyr­mak üçin kos­mos gi­ňiş­li­gin­de ön­dü­ril­ýän elekt­roe­ner­gi­ýa­ny ýo­ka­ry ýy­gy­lyk­da­ky şöh­le­len­me­le­riň, ýag­ny elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ry­nyň üs­ti bi­len ug­rat­mak­lyk pi­ki­ri öňe sü­rül­ýär. Ýa­rym­ge­çir­iji­li elekt­ro­ni­ka­nyň ös­me­gi gel­jek­de Gün şöh­le­si­ni elekt­ro­mag­nit ener­gi­ýa­sy­na öwür­ýän en­jam­la­ry ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Öňe sü­rül­ýän pi­kir­le­riň bi­ri­ne gö­rä, Gün en­jam­la­ryň şöh­le­len­me­le­ri­ni kä­bir an­ten­na­la­ra iber­ýär. Ol an­ten­na hem ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki kuw­wat­ly şöh­lä­ni Ýe­re ug­rad­ýar. Şeý­le ýag­daý­da ibe­ril­ýän şöh­lä­ni ka­bul ed­ýän an­ten­na­nyň öl­çeg­le­ri ibe­ri­ji an­te­nna­nyň öl­çeg­le­rin­den uly bol­ma­ly. Ka­bul edi­ji an­ten­na­nyň işi di­ňe bir tol­kun­la­ry ka­bul et­män, eý­sem, ola­ry mil­li­on­lar­ça dio­dyň kö­me­gi bi­len he­mi­şe­lik elekt­rik to­gu­na öz­gert­mek we ýo­ka­ry wolt­ly he­mi­şe­lik tok çeş­me­si­ne ge­çir­mek bo­lup dur­ýar. Ka­bul edi­ji an­ten­na­la­ry de­ňiz­ler­de we ýa­şa­ýyş ýok ada­lar­da or­naş­dy­ryp bo­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de ener­gi­ýa­ny la­zer­de ge­çir­me­giň üs­tün­de hem iş­len­ýär. La­zer­le­riň kö­me­gi bi­len ka­bul edi­ji-goý­be­ri­ji gur­luş­la­ryň öl­çeg­le­ri­ni ki­çel­dip bo­lar. Dür­li kyn­çy­lyk­la­ra ga­ra­maz­dan, kos­mos gi­ňiş­li­gin­den Gün ener­gi­ýa­sy­ny al­mak üçin çyn­la­kaý ta­gal­la edil­ýär. Bu be­ket­ler hä­zir­ki za­man ýad­ro re­ak­to­ry­nyň kuw­wa­ty bi­len de­ňe­çer bo­lar. Ame­ri­ka­nyň alym­la­ry ýo­ka­ry kuw­wat­ly ra­ke­ta da­şaý­jy­la­ryň kö­me­gi bi­len or­bi­ta müň­ler­çe ton­na­lyk gur­luş­la­ry ýer­leş­di­rip, şo­lar­dan äpet plat­for­ma­lary gur­ma­gy tek­lip ed­ýär­ler. Şol ýer­de hem Gün ba­te­re­ýa­la­ry gur­na­lar. Top­la­nan ener­gi­ýa bol­sa la­zer­le­riň ýa-da ýo­ka­ry ýy­gy­lyk­ly tol­kun­la­ryň kö­me­gi bi­len Ýe­re ge­çi­ri­ler. Ýer­dä­ki an­ten­na­lar şol şöh­le­len­me­le­ri ka­bul edip elekt­rik to­gu­na öwrer. Ýa­po­ni­ýa­da hem şeý­le tas­la­ma­la­ryň taý­ýar­lan­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýa­po­ni­ýa­da kos­mos­dan ener­gi­ýa­ny ge­çir­mek üçin 2018-nji ýyl­dan bä­ri sy­nag iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da hem şeý­le pi­kir­le­riň üs­tün­de iş­len­ýär. 1991-nji ýyl­da M.W.Kel­diş adyn­da­ky yl­my mer­kez Rus­si­ýa kos­mi­ki ener­gi­ýa­sy­nyň kon­sep­si­ýa­sy­ny hö­dür­le­ýär. Şoňa gö­rä, 2020-2030-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da je­mi kuw­wa­ty 2,25 GWt bo­lan 10-30 KGES gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kyn hem bol­sa, gel­jek­de şeý­le tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň äh­ti­mal­ly­gy has ýo­ka­ry. Se­bä­bi, teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bu gur­luş­la­ryň özü­ne düş­ýän ba­ha­sy­ny azald­ýar. 15-20 ýyl mun­dan ozal KGES-iň gur­lu­şygy ýüzler­çe mil­liard dol­la­ra ýet­ýän bol­sa hä­zir­ki dö­wür­de Gün ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň hem-de kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne ýük­le­riň äki­dil­me­gi­niň ba­ha­sy­nyň ar­zan­la­ma­gy KGES-iň gur­lu­şy­gy­nyň ba­ha­sy­ny ep-es­li de­re­je­de azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Me­ret Me­re­dow,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň do­sen­ti,
fi­zi­ka-ma­te­ma­ti­ka ylym­la­rynyň dok­to­ry.