Krosswordyň soraglary

1. Aýal köýnekligi üçin tarada dokalýan ýörite mata.
2. Dürli seslerden düzülen şowhun, gopgun.
3. Doňzuň çagasy
4. Ok atýan ýarag.
5. Zatlaryň, harytlaryň nyrhy arzan bolmaklyk, bahasy gymmat dällik.
6. Üçburçluga meňzeş nagyş.
7. Gopbam gadam basmak, äwmezeklik bilen agras, haýal ädimlemek.
8. Diýeniň bolsun, dilegiň kabul bolsun, arzuwyň amala aşsyn (söz düzümi).
9. Şagalaňly edilýän gürrüňden çykýan şowhun, galmagal.
10. Bir zat süýşürilende, biri-birine degende çykýan ses.
11. Bir zady arassalamak bilen meşgullanýan, arassa ediji, tämizleýji.
12. Barlygy ýaradan, Beýik Biribar.
13. XVII asyryň I ýarymynda Hywa hany bolan Arapmuhammediň ogullarynyň biri.
14. Ýere ýatyp arkasyny, gerşini oýkamak (mal hakynda).
15. Düşüm goşulmasy
16. Oýlanyşykly, aň-düşünjeli.
17. Bedenini, tenini, inini arassa, päk saklaýan.
18. Atyň çydamly, uzak aralyga ýyndamlygy tapawutlanýan jynsy.
19. Nazaryýet taýdan däl, iş ýüzünde, durmuşa geçirilen.
20. Biri-birine ýakyn ýerleşýän bir topar adalar.
21. Uýanyň ujuna berkidilip, atyň agzyna salynýan, halkaly iki bölek demir.
22. Geljekde çagany döwlet işgäri edip ýetişdirmek üçin oňa harby, syýasy ugurdan terbiýe berýän adam.
23. Gijesine asmanda görünýän, köp öçügsi ýyldyzlar düzülen ýagty zolak.
24. Bir zadyň düýbüne ýetmek, maňzyna ýetmek.
25. Aýratyn, ýörite, belli-belli, aýry-aýry.
26. Seýrek, käwagt, çendan.
27. Suwulgana meňzeş kiçijik ala reňkli süýreniji.
28. Kiçi ýaşly oglanjyklar we gyzjagazlar tarapyndan oýnalýan milli oýun.
29.
30. Türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi.