“Deloitte” kompaniýasy 20 ýyldan bäri her möwsümiň iň köp pul gazanan futbol klublarynyň sanawyny mälim edip gelýär. Kompaniýa 2019/2020 möwsüminiň iň köp girdeji gazanan futbol klublarynyň sanawyny jar etdi. 1–2-nji ýeri Ispaniýanyň ezeli bäsdeşleri eýelediler. Möwsümi kuboksyz tamamlandygyna garamazdan, “Barselona” ezeli bäsdeşinden sähelçe tapawut bilen 1-nji orna mynasyp boldy katalonlar geçen möwsümi 627,1 million funt sterlinglik girdeji bilen tamamladylar. 627 million funt sterling girdeji ýygnan “Real Madrid” 2-nji ýeri eýeledi. Häzirlikçe geçen möwsümi 5 kubok bilen jemlän “Bawariýa” 556,1 million funt bilen 3-nji, 509 million funt toplan “Mançester Ýunaýted” 4-nji orna mynasyp boldy. 30 ýyldan soň “Premier ligada” çempionlyk gazanan “Liwerpul” 489,9 million funt sterlinglik gazanjy bilen ilkinji gezek öňdäki 5-lige adyny ýazdyrdy.
2019/2020 möwsüminiň iň köp girdeji gazanan futbol klublary:
Barselona – 627,1 million funt
Real Madrid – 627 million funt
Bawariýa – 556,1 million funt
Mançester Ýunaýted – 509 million funt
Liwerpul – 489,9 million funt
Mançester Siti – 481,6 million funt
Pari Sen-Žermen – 474,1 million funt
Çelsi – 411,9 million funt
Tottenham – 390,9 million funt
Ýuwentus – 349 million funt
Arsenal – 340,3 million funt
Borussiýa Dortmund – 320,7 million funt
Atletiko Madrid – 291 million funt
Inter – 255,6 million funt
Zenit – 207,4 million funt
Şalke – 195,5 million funt
Ewerton – 185,9 million funt
Lion – 158,5 million funt
Napoli – 154,6 million funt
Aýntraht – 152,6 million