“Hower” kompaniýasy uçýan ulaglary – motosiklleri we howa taksilerini işläp taýýarlaýar. Kompaniýa 2016-njy ýylda ilkinji taslamasyny elektrik we gibrid hereketlendirijili “HoverBike Scorpion S3” atly motosiklini durmuşa geçirdi. 2017-nji ýylda “Hower” Dubaýyň ýerli häkimiýeti bilen motosiklleri üpjün etmek we olary synagdan geçirmek üçin şertnama baglaşdy. Ýöriteleşdirilen “HoverBike” ulaglaryna müşderiler köpçüligi hem uly isleg bildirýär. Geçen ýyla çenli dünýäde 3500 müň adam şeýle ulaglary internet arkaly sargyt etdi. Ulagyň bu görnüşini ulanmaga ABŞ-nyň Federal awiasiýa administrasiýasy ygtyýar berdi. Uçýan sürüjisiz taksileri taýýarlamakda başga taslamalar hem durmuşa geçirilýär. Iki orunlyk bu ulag 150 metre beýiklige çykýar. Ýük göterijiligi 300 kg bolan çenli bolan ulag howpsuzlyga gözegçilik edýän emeli aň bilen dolandyrylýar. Ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan ulag howada wagty haýsydyr bir garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanynda, ýörite paraşýut işjeňleşdirilýär we ulag içindäki ýolagçylar bilen bilelikde ýuwaşlyk bilen ýere düşýär. Howa taksiniň şu ýylyň sentýabrynda Dubaý şäherinde 5G aragatnaşygy arkaly synagdan geçirilmegine garaşylýar. Synagyň bu tapgyry üstünlikli tamamlanan halatynda işläp düzüjiler ýylyň ahyrynda uçýan awtoulaglary köpçülikleýin öndürip başlarlar.