Germaniýanyň BMW kompaniýasy iň kuwwatly sedan awtoulagyny köpçülige tanyşdyrdy. Sagatda 305 kilometr ýol geçip bilýän BMW M5 CS atly ulagyň ýylyň ahyrynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. 2022-nji ýyla degişli boljak model çendenaşa kuwwatly bolmagy bilen tapawutlanýar. Ulagyň kuwwatly bolmagynda ozalky modellerden ýeňil bolmagynyň we aerodinamikasynyň gowulandyrylmagynyň täsiriniň bardygy mälim edildi. 0-100 km/sagat tizlige bary-ýogy 2,9 sekuntda ýetýän BMW M5 CS-iň kuwwaty 627 at güýjüne barabar. Ulag, ilkinji nobatda, ABŞ-da, soňra Ýewropa ýurtlarynda satuwa çykarylar. Ulagyň dizaýny “Gold Bronze” (altynsow bürünç) atlandyrylypdyr. Bu dizaýnda ulagyň öň tarapyndaky howa deşikleriniň gyralarynda we diskalarynda altysow çarçuwa bar. Ulagyň içki dizaýny hem örän üýtgeşik. Ulagyň daşynyň köp ýerinde uglerod süýümli materialdan peýdalanylypdyr. Bu bolsa, altynsow bezegiň üstüni ýetirýär. BMW M5 CS ulagy ozalky model bolan “M5 Competition”-dan 105 kilogram ýeňil. Mart aýynda önümçiligine başlanjak ulagyň 142 müň 995 dollardan satuwa çykaryljakdygy habar berildi.