Soňky ýyllarda peýda bolan smartfonlaryň funksiýalary köp bolansoň, bu mobil enjamlar köp maksatlar üçin ulanylýar. Bu bolsa olaryň zarýadyny gysga wagtda gutarýar. Şeýle bolansoň günüň dowamynda iki ýa-da has köp zarýad bermek zerurlygy ýüze çykýar. Bu meseläni aradan aýyrmak üçin zarýady köp saklaýan hem-de gysga wagtda zarýad alýan telefonlar işlenip taýýarlanýar. “Xiaomi” bu ugurda öňdeligi eýeleýär. Hytaý brendiniň “Mi 11 Pro” atly telefonynyň simli we simsiz zarýad beriji ulgamy bolar. Bu telefonynyň batareýasy 200W kuwwatynda bolar. Häzirki wagtda satuwa hödürlenýän telefonlaryň 120W kuwwatyndadygy göz öňünde tutulanda, bu örän ýokary görkezijidir. “Xiaomi Mi 11 Pro” smartfonynyň fewral aýynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.