XXI asyr maglumat tehnologiýalarynyň örän çalt depginler bilen ösýän asyrydyr. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda durmuşymyzy kompýutersiz, öýjükli aragatnaşyk serişdesi bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, talyplaryň we mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýokary ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasy milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň tehnologiýa babatda döwrebaplaşdyrylmagyna oňyn şert döretmek bilen, netijeli ykdysady ösüşimiziň esasy görkezijisi bolan zähmet öndürijiligiň ýokarlanmagyna mümkinçilik berip, tehnologik innowasiýalary önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmaga, ylym-bilimiň ösüşine ýardam edýär. Ýurdumyzda soňky on ýylyň dowamynda dünýä ülňüleriniň talaplaryny doly ödeýän ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berildi. Olaryň okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen abzallar bilen enjamlaşdyryldy.
Mekdeplerde oturdylan multimedia serişdeleri dürli görnüşdäki maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Talyplaryň temalary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimedia serişdeleriniň hyzmaty uludyr. Okuw mekdeplerinde her bir tema boýunça sanly maglumatlary, jedwelleri, tekstleri, işjeň oýunlary özünde jemleýän okuw gollanmalary ulanylýar. Taýýarlanan slaýdlarda şekilleriň san maglumatlarynyň berilmegi talyplarda okuwa gyzyklanma döredýär.
Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaýyn elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we olaryň ata-enelerine elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlaryň (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.
Biziň institutymyzda hem bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Institutyň elektron kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, dersler boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar köpeldilýär. Täze maglumatlar bilen başlangyç elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Şunda institutyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan okuw gollanmalarydyr kitaplary sanly görnüşde ýokary okuw mekdebimiziň elektron kitaphanasynda ýerleşdirilýär.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýän milli Liderimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülälek Haýdarowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.