Şu ýyl syýahatçylygyň gaýtadan dikeldilýän ýyly bolar diýlip garaşylýar. Birnäçe ýurt syýahatçylaryň ünsüni çekmek üçin eýýäm täze meýilnamalary düzüp başlady. Olaryň arasynda Saud Arabystany hem bar. Hökümet ýurda gelýän myhmanlary Al-Ula sebitiniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Şu maksat bilen Al-Ula sebitini ösdürmek boýunça Patyşalyk topary (RCU) «Al-Ula – dünýä derejesindäki taryhy ýadygärlik» atly täze meýilnamany hödürledi. Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbataryndaky paýtagt Er-Riýaddan 1100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Al-Ula sebiti baý medeni mirasa we özboluşly tebigata eýedir. 23 müň inedördül kilometr meýdany eýeleýän Al-Ula sebiti özüniň täsin gaýalary we gadymy medeni mirasy bilen bu ýere gelýänleri haýran galdyrýar. Al-Ulanyň iň meşhur ýeri – Hegra bolup, ol ÝUNESKO-nyň Saud Arabystanynda Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ilkinji ýadygärligidir. Hegra Nabateý şalygynyň esasy günorta şäheri bolupdyr. 52 gektar meýdanda gaýadan oýulup gurlan 100-den gowrak aramgäh saklanyp galypdyr. Soňky barlaglardan belli bolşuna görä, 106-njy ýylda Hegra nabateýlylar tarapyndan eýelenenden soňra Rim imperiýasynyň günorta etraby bolýar.
Al-Ula sebiti Hegradan başga-da, Dadan we Lihýan patyşalyklarynyň paýtagty ýaly birnäçe täsin taryhy we arheologik ýadygärlikleriň mekanydyr. Bu şäher biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllykda Arap ýarym adasyndaky iň ösen şäherleriň biri hasaplanýar. Şeýle hem Jebel-Ikma, Al-Ulanyň gadymy şäheri we Jebel-Al-Fil (Piller gaýasy) hem sebitdäki esasy gözel ýerleriň biridir.
– Taryhy ýadygärlikleri miras galdyran gadymy medeniýetleriň nepisligi, şeýle hem bu ýeriň ajaýyp tebigaty syýahata gelýänlerde çynlakaý gyzyklanma döredýär – diýip, RCU-nyň dolandyryş we marketing bölüminiň başlygy Filip Jones aýtdy.
Syýahatçylaryň sanyny bu maksatnama arkaly 2021-nji ýylda 90 müňe, 2022-nji ýylda 130 müňe ýetirmek maksat edinilýär. Syýahatçylaryň akymynda ýurduň öz raýatlarynyň hem esasy goşant goşjakdygyny nazara alyp, Marketing bölüminiň başlygy Melani De Souza bu taslamanyň daşary ýurtdan geljek syýahatçylary özüne çekmekde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny tassyklaýar.
– Biz eýýäm şeýle baý taryhy bolan täze bir ýeri, şol sanda dadanitlerden nabateýlylara we rimlilere çenli gadymy siwilizasiýalary öwrenmek isleýän syýahatçylarda gyzyklanma döredýäris. Syýahatçylyk pudagy köp babatda özgerdi, indi syýahatçylar, ilkinji nobatda, täsirlenmeleriň dürli-dürlüligine, giň, açyk ýerlere we tebigata ýakyn bolmaga aýratyn üns berýärler. Şoňa görä, Al-Ula sebiti içerki hem-de halkara syýahatçylyk bazarlarynda meşhur ýerler bilen bäsleşip biler – diýip, Melani De Souza belledi.
Al-Ula sebitini ösdürmek boýunça Patyşalyk topary (RCU) Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän, tebigy we medeni taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan täsin sebiti gorap saklamak we ösdürmek maksady bilen esaslandyryldy. RCU-nyň uzak möhletleýin meýilnamasy, medeni mirasy we özboluşly tebigaty gorap saklamagy hem-de sebite syýahatçylaryň gelmegini artdyrmagy maksat edinýär. Bu meýilnama «The Kingdom of Saudi Arabia’s Vision 2030» maksatnamasy arkaly ýerli jemgyýetleriň ösüşine täze mümkinçilikleri döredýän arheologiýa, syýahatçylyk, medeniýet, bilim we sungat ugurlaryndaky köp sanly çäräni öz içine alýar.