Ne çiş köýsün, ne kebap.
Çiş – eti közde bişirmek üçin ulanylýan ujy ýiteldilen çöp, taýajyk;
Köýmek – aşa ýanmak, zaýalanmak;
Kebap – çişe düzülip, közde bişirilýän et.
Häzirki wagt­da çi­şiň dür­li me­tal­lar­dan (al­ýu­min­den, po­lat­dan) ýa­sa­lan gör­nü­şleri ula­nyl­ýar. Çi­şe dü­zü­lip bi­şi­ril­ýän­di­gi üçin ke­ba­ba çiş­lik hem di­ýil­ýär.
Çi­şe dü­zü­lip, kö­ze goý­lan ke­ba­ba wagt­ly-wag­tyn­da ese­wan edil­me­se ke­bap kö­ýer.
Na­kyl­da hem äh­li işiň öz wag­tyn­da, dog­ry we ýer­lik­li edil­me­li­di­gi, şeý­le edi­len ha­la­tyn­da äh­li­ta­rap­la­ýyn oňyn ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Kö­züň üs­tün­de hem çi­şi, hem ke­ba­by köý­dür­män bi­şi­räý­mek ýe­ňil-ýel­paý iş däl. Bu na­kyl­yň üsti bilen dur­muş­da hem şeý­le hüş­gär­li­gi, er­jel­li­gi we dürs­lü­gi ýo­la goý­mak ün­del­ýär.