Pi­şik­ler maş­ga­la­sy­nyň uly ag­za­la­ry­nyň bi­ri bo­lan gap­laň­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi bar. Ola­ryň ara­syn­da Ben­gal gap­laň­la­ry owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýyr­ty­jy jan­da­ryň bu gör­nü­şi Hin­dis­tan­da, Ne­pal­da, Butan­da we Bang­la­deş­de te­bi­gy şert­ler­de ýa­şa­ýar. Em­ma bu jan­dar­lar dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň haý­wa­nat bag­la­ryn­da hem ide­dil­ýär. Haý­wa­nat bag­la­ryn­da dö­re­di­len şert­ler dür­li jan­dar­lar­la­ryň kö­pel­dil­me­gi üçin hem äh­mi­ýet­li­dir. Ni­ka­ra­gua­da­ky haý­wa­nat ba­gyn­da Ben­gal gap­la­ňy­nyň ak gör­nü­şi dün­ýä in­di. Adat­ça, goň­rum­tyl-sa­ry reňk­li bol­ýan bu gap­laň­la­ryň pos­su­nyn­da ak we ga­ra çy­zyk­lar bol­ýar. Şeý­le-de bol­sa, Ben­gal gap­laň­la­ry­nyň ara­syn­da seý­rek ýag­daý­da ak reňk­li­si ga­bat gel­ýär. Ak reňk­li gap­laň­la­ra Si­bir gap­laň­la­ryn­yň ara­syn­da hem duş­mak bol­ýar. Tä­ze dün­ýä inen gap­la­ňa «Nieves» diý­lip at ber­lip­dir. Ol is­pan di­lin­de gar diý­me­gi aň­lad­ýar.