Günorta Amerikanyň iň uly klub ýaryşy Libertadores Kubogynyň finalynda “Palmeiras” ýeňiş gazandy. Rio de Žaneýrodaky “Marakana” stadionynda oýnalan finalda iki brazil topary “Palmeiras” bilen “Santos” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi. Sao Paulo şäheriniň toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 90+9-njy minutda Breno Lopes kelle urgusy bilen derwezä girizdi. Ol 85-nji minutda oýna giripdi. Şunlukda, Luiz Adriano, Felipe Melo ýaly Ýewropada hem oýnan meşhur futbolçylaryň çykyş edýän “Palmeiras” topary 1999-njy ýyldan soň, 2-nji gezek (5-nji finalynda) yklymyň iň uly kubogyny eýelemegi başardy. Edil “Palmeiras” ýaly 5-nji gezek finala çykan “Santos” kuboga 3 sapar mynasyp bolupdy (1962, 1963, 2011).

Ýeri gelende aýtsak, bu ýaryş geçen ýylyň noýabr aýynda tamamlanmalydy. Ýöne dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli ýaryşyň ýarym final we final oýunlary şu ýyla geçirildi.

Brazil klublary Libertadores Kubogyny 20-nji gezek eýeläp, 25 kubokly argentin toparlaryna bir ädim golaýladylar.